Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halk hojalygynyň ähli ugurlarynda giň gerimli, toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk ulgamyny, ýagny telekeçiligi goldamak we ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmek üçin hemmetaraplaýyn durmuş-ykdysady üpjünçilik, maliýe-hukuk esaslary döredildi. Bu bolsa telekeçilerimizi has-da döredijilikli, öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň, içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurt bazarlarynda hem uly isleglere eýe bolmagy guwandyryjydyr. Ol önümleriň, döwrebap harytlaryň içerki we daşarky bazarlarda hyrydarlarynyň köp bolmagy olaryň ýokary hil derejesi we ekologiýa howpsuzlygy bilen şertlendirilýär.
Arkadag Prezidentimiz milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň wekillerine hemişe ýokary ynam bildirýär hem-de uly bil baglaýar. Olar hem Gahryman Arkadagymyzyň belent ynamyna jogap edip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny guwandyryjy üstünliklere, rowaçlyklara besleýärler. Döwlet derejesinde telekeçilere berilýän yzygiderli hemaýatdyr goldawlaryň netijesinde welaýatymyzda hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan köp işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmekde we sanly ulgamy ornaşdyrmakda, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Şonuň netijesinde hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen birlikde, telekeçilik ulgamynyňam okgunly ösüşlere beslenýän döwrüne öwrüldi. Ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanylýan telekeçilerimiziň asylly zähmetleri bilen paýtagtymyz Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hemme ugurlar babatda nusgalyk işler amala aşyrylýar. Telekeçilik pudagynda geçen ýylda önümçilik düzümleriniň, hususy kompaniýalaryňdyr kärhanalaryň innowasion işleriniň ýokary depginde ösendigini aýratyn bellemek gerek.
Goý, baky bagtyýarlygymyzyň sakasynda durýan hem-de halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Toýmämmet HAJYÝEW,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy.