Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitap 13 bölümden ybarat bolup, ol türkmen, iňlis we rus dillerinde çapdan çykdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde elimize gowşan bu kitap ýüreklerimizi buýsanja besledi.
Kitabyň «Howpsuz, özerkli ýaşaýşyň galasy» atly birinji bölüminde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, özygtyýarlygymyzyň wajyplygy açylyp görkezilýär. Garaşsyzlygyň gözbaşlary we esaslary barada gürrüň berýän bu bölümde ýetilen sepgitleriň Garaşsyzlygymyzyň miwesidigi beýan edilýär. «Türkmen halky — döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk eýesi!» atly ikinji bölümde taryhy maglumatlar beýan edilýär. Kitabyň «Budur Türkmen binasy!» atly üçünji bölümi Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» ýaly goşgy setirleri bilen başlanýar. Onda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen kararnamalar, ýurdumyzda geçirilen konstitusion özgertmeler we iki palataly parlamentiň döredilişi öz beýanyny tapýar. «Galkynyşyň, ösüşiň, bagtyýarlygyň täze taryhy eýýamy» atly dördünji bölüm bolsa Täze galkynyşlar we beýik özgertmeler eýýamyny beýan edýän şöhratly sepgitler hakdadyr. Kitabyň «Gözbaşlar joşly bolsa bagtyňdan rowaçlyk hem üstünlik çykar» atly bäşinji bölüminde ylym-bilim we saglyk ulgamlarynda gazanylan ösüşler we özgertmeler barada giňden gürrüň berilýär. «Türkmen topragy — bereket mekany» atly altynjy bölüm oba hojalygy, ýagny bereketli türkmen topragynyň halkymyza eçilýän naz-nygmatlary hakdaky söhbedi özünde jemleýär.
Kitabyň ýedinji bölümi «Türkmen halky — dörediji we gurujy halk» bolup, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygy barada, dokma senagatynyň ösüşleri, türkmen halyçylyk sungaty, şol bir wagtyň özünde medeniýeti we sungaty ösdürmekde alnyp barylan işler hakdadyr. «Nusgalyk işler, ilkinjilik, täze önümçilikler, baý tejribe — ösüşiň özeni» atly sekizinji bölümde ýurdumyzyň senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde gazanylan üstünlikler, «Ýoluňyz ak bolsun!» atly dokuzynjy bölümde ulag ulgamy baradaky maglumatlar bar. Mundan başga-da, bu bölüm dünýäniň dürli ýurtlary, abraýly halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklar we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hakyndadyr. Kitabyň onunjy bölümi «Kalbyňyz hem ojagyňyz nurly bolsun!» diýlip atlandyrylypdyr. Onda ýurdumyzyň ýerasty we ýerüsti baýlyklary, ýagny nebit-gaz pudaklaryndaky özgertmeler, durmuşa geçirilýän möhüm taslamalar, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Garabogazdaky karbamid zawodynda we Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyna degişli zawodda öndürilýän önümler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Kitabyň «Ýaşyl ykdysadyýet» — ýaşaýyş ýörelgesi» atly on birinji bölümi daşky gurşawy goramak, ýagny ekologiýa meselelerini özünde jemleýär. On ikinji bölüm «Bazary baryň baýlygy bar» diýlip atlandyrylyp, bazar ykdysadyýeti bilen baglanyşyklydyr. Kitabyň soňky on üçünji bölümi «Garaşsyzlyk bilen geçmişlidiris, şu günlüdiris, geljeklidiris» diýlip atlandyrylyp, onda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmaty beýan edilýär.
Umuman, «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitapda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baý taryhy, gazananlary beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň täze kitabyny, ondan gelip çykýan wezipeleri ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek biziň borjumyz hem wezipämiz bolup durýar. Şeýle ajaýyp kitaplary halkymyza peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Baýram Çaryýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hünärmeni