Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna az wagt galdy. Bu şanly sene golaýlaşdygyça ýurdumyz täze ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatyna ýokary baha berip, şanly baýramyň 30 ýyllyk toýunyň uly şowhun, dabara bilen bellenilmegi üçin ähli tagallalary edýär. 1991-nji ýyldan bäri geçen 30 ýyl, taryh üçin köp wagt bolmasa-da edilen işler, ýetilen belent sepgitler bu günki gün buýsanmaga mynasypdyr. Ýurdumyzda her bir baýrama, şanly senä bagyşlanyp, täze durmuş maksatly binalaryň gurulyp ulanylmaga berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Bu asylly däbe eýerip, diýarymyzyň ähli ýerlerinde durmuş maksatly täze binalar açylyp ulanylmaga berilýär.
Garaşsyzlyk güni - bu biziň pederlerimiziň köp asyrlaryň dowamynda arzuwlan güni, özygtyýarly türkmen döwletiniň dörän güni.
Garaşsyzlyk — milletiň geçmişe, geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatlyk mukamy, ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan hasyl bolan, türkmen halkynyň döwleti, baýlygy, bagty, şany-şöhraty, milli däp-dessurlarymyzyň aýdyň ýoly. Türkmen halky gadym döwürlerden bäri Garaşsyz döwlet gurmagyň arzuwynda ýaşapdyrlar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy berkarar döwlet gurmak baradaky pikirlerini şeýle beýan edipdir.
“Hor galmasyn puştba-puşdum,
Berkarar döwlet istärin”.
ýa-da
“Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmidi”
Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynda beýan edilip, arzuw edip geçen agzybir, asuda durmuşda ýaşamak, dünýäniň ynsanperwer halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, hoşniýetli gatnaşyklaryň dowamly bolmagy baradaky arzuw eden zamanasy bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň adyl hem ynsanperwer syýasaty netijesinde hasyl boldy.
Garaşsyzlyk bize baý taryhymyzy, medeni mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy gaýtaryp berdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda –Gahryman Arkadagymyz merdana türkmen halkynyň at-owazasyny, abraýyny täze röwüşde äleme ýaýdy, milletiň mertebesini parahatçylyk söýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar etdi.
Garaşsyzlyk göwünleriň joşguny,
Garaşsyzlyk gözümiziň nurudyr.
Garaşsyzlyk pederleriň arzuwy,
Garaşsyzlyk geljegmize şugladyr.
Biz Garaşsyz, Baky Bitarap berkarar ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary ýurdumyzda döredilýän ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzyň ösüşlerini wagyz-nesihat etmekde Watanmyzyň galkynyşly ösüşine mynasyp goşandymyzy goşarys.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna taýýarlyk görülýän gyzgalaňly, özboluşly täsirli, şatlykly pursatda Gahryman Arkadagymyzy, mähriban halkymyzy Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýüregimden gutlap, halypamyz Atamyrat Atabaýewiñ “Garaşsyz” goşgusyndan iki bendini okyjylara ýetirmegi makul bildim.
Türkmen aga, telpegiňi göge zyň,
Gyňaçlaram baýdak kimin parlasyn.
Aýdym aýdyň, at çapdyryň, saz çalyň,
Türkmenistan — ata ýurdum Garaşsyz!
Halk arzuwy hasyl bolar ahyry,
Men bu güne kän asyrlap garaşdym.
Men bu gün Garaşsyz ýurduň şahyry,
Türkmenistan — söwer ýurdum Garaşsyz!
Garaşsyz Watanymyzy beýik sepgitlere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowaç bolsun!
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy L.Rejepowa