Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda hem-de dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk toplumyny, aýratyn hem onuň köpugurly gaýtadan işleýän pudagyny, eýeçiligiň dürli görnüşlerini, şol sanda hususyýetçiligi ösdürmäge düýpli maýa goýumlary goýulýar. Şeýle beýik işleriň ählisi hem Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, berkarar Watanymyzy ählitaraplaýyn gülläp ösýän ýurda öwürmekde gazanylýan guwandyryjy üstünliklere döwletli Diýarymyzyň telekeçileri hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Balkanabat şäheriniň çäginde, Uly Balkan dagynyň degresindäki Düzmergen ýaýlasynda 2-nji bagçylyk hojalygynda miweli baglaryň birnäçe görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki günlerinde bolsa bu miweli baglardan bereketli hasyl ýygnalyp, içerki bazarlaryň sarp edijilerine yzygiderli ugradylýar. Miweli baglar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler parti-ýasynyň agzasy Halmämmet Amanmämmedowa degişli. Ilatyň öz topragymyzda ýetişdirilýän dürli gök önümler, ir-iýmişler bilen ýylyň tutuş dowamynda ygtybarly üpjün edilmegi, şunda hususy pudagyň ägirt uly mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy babatda Gahryman Arkadygymyzyň edýän aladalaryna mynasyp jogap bermek işjanly telekeçiniň baş maksady bolup durýar. Umumy tutýan meýdany 5 gektara barabar bolan ýerde 5000 sany miweli bag bolup, garalynyň 750, üljäniň 250, almanyň 750, pissäniň 250, şetdalynyň 750, alçanyň 500, hurmanyň 250, armydyň 500, erigiň 750 düýbi ösdürilip ýetişdirilýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Taňyrberdi Jepbarow hem miweli bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekýär. Ol Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr geňeşliginde, Sumbar derýasynyň boýunda 7 gektar meýdanda zeýtun, armyt, erik, alma, şetdaly, nar, üzüm, garaly ýaly miweli baglara ideg edýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen dabaralanýan üstümizdäki ýylda halkymyzyň toý saçaklarynyň rysgal-bereketli bolmagyna mynasyp goşant goşmagy başarýan ussat telekeçilerimiz Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna özleriniň zähmet sowgatlary bilen barmagy maksat edinýärler hem-de telekeçiler barada edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarlar.
Toýmämmet HAJYÝEW,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy.