“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň tarapyndan gurluşyk işleri ýokary derejede alnyp barylýan birnäçe binalar bar. Olaryň biri-de Aşgabat şäheriniň Tähran köçesiniň ugrunda ýerleşýän söwda we dynç alyş, işewürlik merkezinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan binalar toplumydyr. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň hut özi Köpetdagyň eteginde bina edilýän bu toplumy «Aşgabat» diýip atlandyrmagy maslahat berdi.
Bu binanyň gurlup, ulanmaga berilmegi, paýtagtymyzyň iň gözel ýerinde ýerleşip binagärlik keşbini has-da gözelleşdirer. Toplumyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Beýik bina» hususy kärhanasy alyp barýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň berýän maglumatlaryna görä:
Umumy ýer böleginiň tutýan meýdany 32,0 gektardan ybarat bolup. Şol sanda:
«Aşgabat» söwda we dynç alyş, işewürlik merkezi paýtagtymyzyň günortagünbatar böleginde ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş maksatly desgalaryň özboluşly dowamyna öwrüler. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji nobatdaky tapgyrynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň hem dolulygyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ynanylandygy bellärliklidir. Ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekilleri ýurdumyzda milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýarlar. Özleriniň önümçilik we hünär kuwwatyny ýyl saýyn artdyrmak bilen, häzirki wagtda türkmen telekeçileri dürli ugurlarda, şol sanda gurluşyk ulgamynda üstünlikli işläp, ähli babatda ýokary ussatlyk görkezýärler. «Aşgabat» işewürlik toplumynyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen talaplary we ýokary halkara ülňüler göz öňünde tutulýar. Binagärlik toplumynda «akylly» tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler bilen gyzyklanyp, paýtagtymyza amala aşyrýan iş saparlarynda baş şäherimizi gözel mekana öwürmek üçin özüniň birnäçe tekliplerini berýär. Ýollaryň gurluşygyna, desgalaryň binagärlik aýratynlyklaryna, inženerçilik-tehniki desgalara, ýaşaýyş-durmuş binalaryna, köçeleriň yşyklandyrylyşyna, dynç alyş zolaklarynyň döredilişine, şonuň ýaly-da, bu düzümleri gür baglyga, gülzarlyga öwürmek babatdaky işlere aýratyn üns berýär. Paýtagtymyzda gysga döwürde amala aşyrylan beýik işler hem-de berkararlygyň we bagtyýarlygyň aýdyň nyşany hökmünde şöhratly döwri alamatlandyrýan köşkler, kaşaň binalar özüniň owadanlygy, ajaýyp tebigaty, çuň pelsepewi many-mazmuny bilen akylyňy haýrana goýýar. Paýtagtymyzyň günortasynda seleňläp oturan gojaman Köpetdagyň eteginde şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde gysga döwrüň içinde gurlan halkara derejeli gür baglyga bürenýän şaýollary, kaşaň ýaşaýyş jaýlarydyr edara binalaryny, saglygy goraýyş desgalaryny synlanyňda, hormatly Arkadagymyzyň öz halkyna eşret mekanyny peşgeş edýändigine magat göz ýetirmek bolýar. Şäheriň daşky umumy görnüşiniň çeperçilik-estetiki taýdan oňyn çözülmegi, binalaryň ak mermere örtülmegi, bularyň ählisi özboluşly owadan sazlaşygy emele getirýär. Paýtagtymyzdaky binalaryň agramly böleginiň, ýagny, köşk toplumlaryndan, edara we ýaşaýyş jaý binalaryndan başlap, mekdeplerdir çagalar baglaryna çenli ähli desgalaryň ak mermer bilen örtülmegi, ajaýyp binagärligiň döredilmegi, tebigatyň gözel görnüşiniň kemala getirilmegi mähriban Arkadagymyzyň çuň paýhasynyň aýdyň netijeleridir. Watanymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyzyň durmuşyna ser salanyňda, ýurdumyzyň ykdysady we syýasy ösüşi, jemgyýetimiziň medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň derejesi, aň-bilim mümkinçilikleri, halkymyzyň dünýä derejesindäki ýaşaýyş-durmuşy has aýdyň görünýär.
Goý, gözel paýtagtymyzy beýik ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, il-ýurt ähmiýetli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Baýram Çaryýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hünärmeni