Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

AWAZA - DOST-DOGANLYGYŇ WE YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ MERKEZI

Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny yzygiderli görkezýär. Ýurdumyzda geçirilýän halkara derejedäki duşuşyklar, maslahatlar, forumlar we sergiler döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem möhüm ähmiýete eýe bolýar. 2026-njy ýylyň 7–9-njy oktýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreler hem bu hakykatyň aýdyň beýany boldy. Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralan çäreleriň iň möhümleriniň biri bolan GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi sebitde özara düşünişmegi, ykdysady gatnaşyklary we köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança öwrüldi. Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara derejedäki duşuşyklary, işewürlik gepleşiklerini we medeni çäreleri geçirmek üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Bu ýerde döredilen döwrebap şertler dürli ýurtlaryň wekilleriniň özara tejribe alyşmagyna, täze başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmagyna hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemegine ýardam berýär. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi bilen baglylykda geçirilen çäreler Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ornuny has-da dabaralandyrdy. Şol bir wagtyň özünde, bu halkara forumlar milli ykdysadyýetiň gazananlaryny görkezmek, türkmen telekeçileriniň mümkinçiliklerini dünýä ýaýmak we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary giňeltmek üçin hem amatly şertleri döretdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda telekeçiligi ösdürmek, hususy pudagyň ykdysadyýetdäki ornuny ýokarlandyrmak we milli önüm öndürijileriň işjeňligini artdyrmak döwletleriň ykdysady syýasatynda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Telekeçilik täze iş orunlaryny döretmäge, ilatyň sarp ediş isleglerini kanagatlandyrmaga, önümçiligi döwrebaplaşdyrmaga we täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga giň mümkinçilik berýär. Hususy pudagyň wekilleri senagat, gurluşyk, oba hojalygy, azyk önümçiligi, dokma senagaty, ulag, logistika, söwda we hyzmatlar ulgamlarynda netijeli işleri alyp barýarlar. Bu ugurlaryň ösüşi milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, içerki bazaryň dürli görnüşli harytlar bilen üpjün edilmegine hem-de daşary ýurt bazarlaryna çykarylýan önümleriň möçberiniň artmagyna oňyn täsir edýär. Telekeçiligiň ösüşi diňe bir kärhanalaryň ykdysady netijeleri bilen çäklenmeýär. Ol ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna, hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, ýaşlaryň täze işewürlik başlangyçlaryna höweslenmegine we jemgyýetiň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna hem goşant goşýar. Halkara sergiler ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm gurallarynyň biridir. Sergilerde dürli ýurtlaryň önüm öndürijileri öz harytlaryny, önümçilik tehnologiýalaryny, hyzmatlaryny we täze taslamalaryny giň köpçülige görkezmäge mümkinçilik alýarlar. Şeýle çäreler önüm öndürijiler bilen sarp edijileriň, telekeçiler bilen maýadarlaryň, şeýle hem dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga şert döredýär. «Awaza» milli syýhatçylyk zolagynda halkara çäreleriň çäklerinde guralan sergi meýdançalary dürli ýurtlaryň gazananlaryny we mümkinçiliklerini tanyşdyrmakda ähmiýetli boldy. Hususan-da, 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi bilen bir hatarda GDA agza ýurtlaryň we Eýranyň sergisi geçirildi. Şeýle sergileriň esasy aýratynlygy olaryň ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny bir meýdançada jemlemegidir. Olarda senagat önümleri, oba hojalyk harytlary, azyk önümleri, dokma önümleri, döwrebap tehnologiýalar we beýleki önümçilik ugurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döreýär. Sergilerde görkezilýän önümler önüm öndürijileriň tejribesini, önümçiligiň hil derejesini we täze bazarlara çykmak mümkinçiliklerini açyp görkezýär. Şunuň bilen birlikde, olar daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň milli önüm öndürijilere bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga hem ýardam berýär.  Özara bähbitli hyzmatdaşlyk — ykdysady ösüşiň ygtybarly binýady Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar. Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň önümçilik, oba hojalygy, energetika, ulag, söwda we hyzmatlar ulgamlarynda toplan tejribesi özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge esas döredýär. Döwletleriň arasynda söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, önüm öndürijileriň özara aragatnaşyklarynyň ýola goýulmagy we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ykdysady ösüşe oňyn täsir edýär. Şeýle hyzmatdaşlyk her bir ýurduň milli bähbitlerini nazara almak bilen, umumy ykdysady mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga şert döredýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejeli duşuşyklar hem bu ugurda pikir alyşmak üçin möhüm meýdança boldy. Döwlet derejesinde geçirilýän gepleşikler döwletara gatnaşyklarynyň geljekki ugurlaryny kesgitlemekde, ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda we täze başlangyçlary öňe sürmekde ähmiýetlidir. Häzirki wagtda telekeçiligiň üstünlikli ösmegi üçin diňe bir maliýe serişdeleri däl, eýsem, täze bilimler, döwrebap tehnologiýalar, hünärli işgärler we halkara tejribesinden peýdalanmak hem zerurdyr. Şu nukdaýnazardan, sergiler, işewürlik forumlary we halkara maslahatlar telekeçileriň mümkinçiliklerini giňeltmegiň netijeli usullary hökmünde çykyş edýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy häzirki wagtda diňe bir syýahatçylyk merkezi bolman, eýsem, halkara duşuşyklary we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança hökmünde hem tanalýar. Hazar deňziniň kenarynda döredilen döwrebap infrastruktura halkara çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde geçirilýän halkara çäreler ýurdumyzyň ykdysady we medeni mümkinçiliklerini dünýä ýaýmak bilen bir hatarda, türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerini, milli medeniýetini we dost-doganlyk ýörelgelerini hem açyp görkezýär. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi bilen baglylykda geçirilen çäreler Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň we halkara dialoga berýän ähmiýetiniň aýdyň beýany boldy. Şeýle çäreleriň netijesinde dürli ýurtlaryň wekilleri özara tejribe alyşmaga, täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemäge we geljekde durmuşa geçiriljek taslamalar boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik alýarlar. Bu bolsa sebitde ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, telekeçilik işjeňligini ýokarlandyrmak we täze önümçilik mümkinçiliklerini döretmek üçin möhüm şert bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary geljekde hem täze işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, milli önüm öndürijileriň mümkinçilikleriniň artmagyna we özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň buýsanjy çäksizdir, il - ýurt bähbitli uly tutumlaryň başynda duran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komtetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri