Häzirki zaman dünýä gurluşynda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolup, sebitde durnuklylygyň baş şerti hökmünde çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly başlangyçlary netijesinde Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda kemala gelen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy diňe bir dünýä derejeli dynç alyş zolagy bolman, eýsem, yklymyň iň möhüm syýasy we diplomatik merkezleriniň birine öwrüldi. Golaýda, aýratyn-da şu ýylyň güýz paslynyň iň täsirli pursatlarynda Awazada geçirilen ýokary derejeli çäreler we halkara duşuşyklar bu hakykaty ýene-de bir gezek bütin dünýä subut etdi. Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralan GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi syýasy wakalaryň birine öwrüldi. Ýurt Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen bu taryhy sammitde Arkalaşyga agza döwletleriň liderleriniň ykdysady hyzmatdaşlyk, howpsuzlyk, maglumat tehnologiýalary hem-de durmuş-ulag taslamalary boýunça möhüm ylalaşyklara gol çekmegi sebitara hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berdi. Şeýle hem dostlukly Eýran Yslam Respublikasynyň bu çärelerde ýokary derejede wekilçilik edilmegi gepleşikleriň gerimini has-da giňeltdi. Munuň özi Türkmenistanyň diňe bir Arkalaşygyň çäklerinde däl, eýsem bütin sebitde dostluk köprülerini pugtalandyrýan ygtybarly hyzmatdaşdygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şol bir wagtda Awazanyň gözel künjegi sebitiň iň täsirli formatlarynyň biri bolan Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygyna hem gujak açdy. Häzirki wagtda "C6" diýlip atlandyrylýan bu formatyň çäklerinde altytaraplaýyn işewürlik gatnaşyklarynyň, multimodal ulag geçelgeleriniň we Hazarüsti logistik ugurlaryň ösmegine uly üns berildi. Maslahatyň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça bökdençsiz söwda dolanyşygyny üpjün etmek baradaky anyk başlangyçlar öňe sürüldi. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady taýdan bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen taryhy ädimdir. Has takygy bilen aýdanymyzda, bu uly strategik taslamanyň ýüregi we esasy lokomotiwi hökmünde Türkmenbaşy Halkara deňiz porty çykyş edýär. Awazadaky gepleşikleriň barşynda bu portuň diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem bütin sebit we goňşy respublikalar, şol sanda Merkezi Aziýanyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary hem-de Azerbaýjan üçin iň amatly transkontinental derwezedigi aýratyn bellenildi. Ulag diplomatiýasynyň ileri tutulmagy Aziýa we Ýewropa yklymlarynyň arasyndaky iň gysga hem-de howpsuz ýollary Türkmenistanyň üsti bilen geçirmäge, Hazar deňzini bolsa parahatçylygyň, ylalaşygyň we sebitara ykdysady jebisligiň egsilmez çeşmesine öwrülmegine binýat boldy. Syýasy diplomatiýanyň ekologiýa we adamzadyň geljegi bilen utgaşýan pursatlary hem Awazanyň bu taryhy günlerinde öz beýanyny tapdy. Birinji Hazar Ekologik Sammitiniň hut şu ýerde guralmagy we kenarýaka döwletleriň gatnaşmagynda Hazar ekoulgamyny goramak boýunça anyk Kararlaryň kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiliginiň uly öwgüsine mynasyp boldy. Mundan başga-da, «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly dialogyň hem-de GDA-nyň teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň sammitiniň guralmagy, parahatçylygyň diňe bir ykdysady görkezijiler bilen däl, eýsem ynsanperwerlik, gender deňligi we maglumat medeniýeti arkaly hem berkidilýändigini görkezdi. Jemläp aýdanymyzda, Awazada bolup geçen halkara ähmiýetli syýasy wakalar yzygiderli alnyp barylýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň dabaralanmasydyr. Türkmenistan bütin dünýäde parahatçylykly dialogyň guraly hökmünde çykyş edip, özüniň geosyýasy mümkinçiliklerini bütin adamzadyň abadançylygy üçin peýdalanýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Hazar deňzini parahatçylygyň, ylalaşygyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi hökmünde geljekki nesiller üçin saklap galmak ugrunda yzygiderli alada edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sag bolsunlarymyzy bildirýäris! Ýurdumyz bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, sahawatly işleri hemişe rowaç bolsun!
Gözel GURBANOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň baş buhgalteri