Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda zenan mertebesi döwlet derejesinde belent tutulýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Bitarap Türkmenistan halkara derejesinde zenanlar dialogyny işjeňleşdirýän döwletleriň hatarynda giňden tanaldy. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýen ajaýyp şygara beslenen ýylymyzda hem Bitarap Türkmenistanda zenanlaryň halkara forumlary, maslahatlary, duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň GDA-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk edýän şanly ýylynda gojaman Hazaryň kenarynda bu iri halkara çäreleri bilen baglylyka, köpöwüşgünli dabaralar ýaýbaňşandyrylýar. Sebitleýin derejede gurulýan halkara çäreleriň hatarynda 8-nji oktýabrda Awaza kongresler merkezinde geçirilen halkara zenanlar dialogydyr. Onuň dowamynda ýokary derejeli myhmanlaryň birnäçesi çykyş edip, zenanlaryň jemgyýetdäki tutýan orny, zenanlaryň hukuklary boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen konwensiýalarynyň we beýleki hukuk resminamalarynyň ähmiýeti hakynda durlup geçildi. Bilşimiz ýaly, Bitarap Türkmenistan zenanlaryň arasynda işjeň dialogy ýola goýmak bilen birlikde, olaryň hukuklaryny gender deňligini üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barýar. Her ýylyň 8-nji martynda ýurdumyzda halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde Halkara zenanlar güni giňden bellenilýär. Şeýle hem şol gün 8 we ondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýlen hormatly atlary dakylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda zenanlar Türkmenistanyň Mejlisinde, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda deň derejeli zähmet çekýärler. Halk wekilleri hökmünde zenanlaryň birnäçesi Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, welaýat, etrap, şäher Halk Maslahatlarynyň agzalary bolup durýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylda milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlar türkmenistanyň döwlet sylagy bilen sylaglanýarlar.Olaryň döredijilikli zähmeti ýurdumyzda giňden sarpalanýar. Şeýle hem milli saglygy goraýyş ulgamynda “Sagdyn ene-sagdyn çaga-sagdyn geljek” milli Strategiýasyna laýyklykda eziz Diýarymyzda eneligi we çagalygy goramak babatynda döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.Ýeri gelende bellesek şu ýylyň awgust aýynda paýtagtymyzda ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça halkarar derejeli “tegelek stol” duşuşygy guraldy. Onuň dowamynda-da birnäçe zenanlaryň ene hökmündäki orny, çaganyň sagdyn ösüşinde ene süýdüniň ähmiýeti giňden wagyz edildi we bu babatda özara pikir alyşmalar geçirildi. Şunda Birleşen Guramasynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan kabul edilen konwensiýalar, maksatnamalar esasynda eneligiň we çagalygyň goragy babatynda bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkyň ykbalynyň galkynan taryhy eýýamydyr. Şanly döwrüň dowamynda ýurdumyzda telekeçilik pudagyny ösdürmäge hem aýratyn uly üns berilýär. Ýeri gelende bellesek, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde zenan telekeçileriň ýüzlerçesi hasaba alyndy. Olar milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda telekeçilik işlerini alyp barmak bilen, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetinde hem zenan telekeçileriň ýüzlerçesi agzalykda durýar. Olaryň arasynda ýurdumyzda meşhurlyga eýe bolan hususy kärhanalar, dürli ugurdaky telekeçi zenanlar hem bar. “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilen halkara çäreleriniň dowamynda zenan parlamentarileriniň duşuşygynyň geçirilmegi hem zenanlaryň dialogy formatyndaky duşuşyklaryň işjeň häsiýete eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Kalby buýsançly, dilleri alkyşly zenanlar döwrümizden, döwrümiziň Beýik Ynsanlarynyň döwletli tutumlaryna özleriniň hoşallyklaryny yzygiderli beýan edýärler. Halkymyzyň bagtyýarlygy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi babatynda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Döwletli Diýarymyz hemişe bedew bady bilen ynamly öňe gitsin!
Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy