Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşleriň röwşen ýolunda ynamly ilerleýän Watanymyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek, halkyň sarp edýän harytlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak ykdysadyýetiň hususy pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Bazar ykdysadyýetiniň depginli ösüşiniň wajyp şerti bolan telekeçilik başlangyçlarynyň goldanylmagy we işewürligiň höweslendirilmegi hususy telekeçiligiň rowaçlanmagyna giň ýol açýar.
Soňky 15 ýylda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň hukuk esaslary döredildi, şol sanda «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» Kanunlar kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugurda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şol sanda «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, telekeçiligiň ösdürilmegi milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýoludyr. Döwletimiziň goldawynyň netijesinde türkmen telekeçileri halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak, haryt bolçulygyny döretmek ugrunda zähmet çekip, milli önümleriň öndüriliş möçberlerini we görnüşlerini yzygiderli artdyrýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt dolanyşygynyň barha artýan möçberi halkyň abadançylygynyň hem-de durmuş-ýaşaýyş şertleriniň ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr. Garaşsyz Watanymyzda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ulgamynda uly ösüşler gazanyldy. Bu bolsa türkmen telekeçileriniň iş alyp barýan ugurlaryny, ygtyýarlyklaryny giňeldip, olaryň iri maýa goýumlaryny özleşdirmäge we döwlet taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaklaryny şertlendirdi. «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, döwlet kärhanalary bilen kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň hyzmatdaşlygy barha ýygjamlaşýar. Häzirki döwürde hususy işewürler söwda toplumynda, ykdysadyýetiň täze pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzyň mineral-çig mal baýlyklaryny gaýtadan işlemekde, sanly ykdysadyýeti, elektron senagaty ösdürmekde geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmäge uly goşant goşýarlar. Ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýän telekeçiler ulag-logistika ulgamynda iş alyp barmakda hem uly öňegidişlik gazanýarlar. Häzirki wagtda bir tarapdan, ulag-logistika pudagynda iş alyp barýan işewürleriň hatary artýan bolsa, beýleki tarapdan hususy düzümleriň birnäçesi ugurdaş taslamalary durmuşa geçirmäge, şol sanda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna gatnaşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda döredilýän ägirt uly mümkinçiliklerden peýdalanyp, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, hususy pudak yzygiderli ösdürilýär. Bu günki gün hususyýetçiler berkarar Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine mundan beýläk-de mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.
Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty.