Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

ÝUR­DU­MY­ZYŇ AL­TYN GAZ­NA­SY

ÝUR­DU­MY­ZYŇ AL­TYN GAZ­NA­SY

Türkmenistanda telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak we ösdürmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde hususy ulgama aýratyn orun degişlidir. Bagtyýar zamanamyzda ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleri esasynda ösdürmek bilen, halk hojalyk toplumynyň döwlete dahylsyz ulgamyny netijeli hem-de sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen amatly hukuk, maliýe-ykdysady we durmuş şertleri döredilýär. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny yzygiderli amala aşyrmagyň çäklerinde hususy işewürler üçin ýer böleklerini bermegiň düzgünleriniň, karz, gümrük we söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi, şeýle hem sebitlerde erkin ykdysady zolaklary döretmegi işjeňleşdirmek boýunça çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işler ýurdumyzda telekeçiligi işjeňleşdirmek arkaly durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. Milli Liderimiziň döwlet eýeçiligini yzygiderli hususylaşdyrmak baradaky umumy strategiýasy ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň paýyny artdyrmak boýunça wezipeleri öz içine alýar. Hususy işewürligiň kärhanalary halkyň isleg bildirýän önümlerini öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek wezipelerini çözmek bilen birlikde, ilatyň iş üpjünçiligine-de uly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty telekeçilere dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlary, halkara işewürlik düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny şertlendirýär. Türkmen telekeçileri milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly möhüm işleri alyp barýarlar. Obasenagat toplumynda we gaýtadan işleýän senagatda ýöriteleşen hususyýetçiler ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge uly goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanýan telekeçilerimiz täze suwarymly ýerleri özleşdirip, şol ýerlerde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň, miweli baglary hem-de üzüm nahallaryny ekmegiň, ýyladyşhana hojalyklarynyň meýdanyny giňeltmegiň hasabyna azyk önümleriniň öndürilişini artdyrýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmakda hem möhüm taslamalary durmuşa geçirýärler. Milli işewürler tarapyndan internet arkaly söwdalaryň möçberini artdyrmak, ýurdumyzyň içinde elektron söwdasy üçin amatly meýdançalary döretmek, Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň halkara giňişligindäki mahabatyny güýçlendirmek bilen baglanyşykly derwaýys işler alnyp barylýar. Şeýle hem telekeçiler döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürlen elektron senagatyny döretmek we ösdürmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Bulardan başga-da, hususy işewürler gurluşyk, senagat, ulag-logistika ulgamlaryny, himiýa önümçiligini, hyzmat ediş hem-de söwda ulgamlaryny ösdürmäge önjeýli goşant goşýarlar. Bu bolsa halkymyzyň arasynda ýokary islegden peýdalanýan harytlaryň elýeterli bahalardan üpjün edilmegine, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta ugradylýan önümleriň öndürilişiniň artdyrylyp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem türkmen işewürleriniň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, telekeçileriň hem-de halk köpçüliginiň arasynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatyny wagyz-nesihat etmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar. Häzirki günlerde TSTP-niň Mary welaýat komiteti hem welaýatymyzyň işewür düzümleriniň arasynda eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan döwletli işleriň ähmiýetine bagyşlanan maslahatlarydyr wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirýär. Olarda Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde telekeçileriň öňünde durýan möhüm wezipelere, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryndan ruhlanýan türkmen telekeçileri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge ýakyndan ýardam etmek ugrunda ähli ukyp-başarnyklaryny, yhlasly zähmetlerini gaýgyrmajakdyklaryna tüýs ýürekden ynandyrýarlar. 

Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.