Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: ÖSÜŞLERE BADALGA

Biziň halkymyz nijeme müňýyllyklaryň dowamynda dörän taryhy döwletiň, paýhas eleginden geçip, kämillik mekdebini döreden gadymy nusgalyk halkyň mirasdüşerleri. Şol milli ýol-ýörelgäni, türkmençilige mahsus häsiýetleri döwlet syýasatynda esasy binýatlyga öwürmegi başaran Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz milliligi diňe döwletiň özenine däl, biziň aňymyza-ruhumyza siňdirýär. Biziň döwlet dolanşygymyzyň, döwlet gurluşymyzyň beýleki döwletlerden tapawutlylykda, milli ýörelgelere esaslanýandygy, ýagny döwletde, döwletiň syýasatynda halka we onuň bähbitlerine aýratyn orun berilýändigi baradaky hakykata ünsi çekesim gelýär. Munuň özi, belent derejelere ýetmegiň esasy guraly bolan agzybirlik düşünjesi bilen berk baglanyşyklydyr. Raýatlaryň kanuny-hukuk ýagdaýlaryny goramak, ýaşaýyş derejelerini gowulandyrmak, bähbitleri bir maksada öwürmek, syýasy-ykdysady ösüşi gazanmakda raýatlary watansöýüjilik ruhunda päk zähmet çekmäge çagyrmak ýaly işlerde Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher Halk Maslahatlarynyň we geňeşleriniň agzalarynyň agzybirlikli zähmetlerine uly ynam bildirýär, ýokary baha berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwletli tutumlarynda, ilki bilen, adamyň bähbidi, onuň durmuş taýdan goraglylygy hem-de döwletiň ykdysady ösüşi, jemgyýetiň howpsuzlygy möhüm orun alýar. Şeýle durmuş zerurlyklary biziň kämil Kanunymyzda hem öz beýanyny tapýar. Paýtagtymyz Aşgabatda geçen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde hem hut şu meseleler üns merkezinde boldy. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütler, Kararlar hem öz düzüminde şeýle derwaýys meseleleriň beýanyny jemleýär. Maslahatda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, öňde goýlan aýdyň maksatlar barada edilen buýsançly gürrüňler biziň kalbymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Garaşsyzlykdan ganatlanýan täze sepgitleri nazarlaýan täze taryhy eýýamda döwre laýyk gadam urup, adamyň, halkyň umumadamzadyň bähbitlerini nazarlaýan, täzeçe pikirleri, milli ýörelgelere daýanýan kämil döwlet syýasatyny amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyzlygyň gazananlary dowamat dowam bolýar. Şonuň üçin hem halkyň teklibiniň nazara alnyp, Hormatly Prezidentimize “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen hormatly adyň dakylmagy, şeýle-de “Altyn aý” altyn medalynyň gowşurylmagy bu taryhy maslahatda kabul edilen buýsandyryjy waka bolup, maslahatyň ähmiýetini, gadyr-gymmatyny has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz öz taryhy çykyşynda: “Meniň maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny has-da kämilleşdirip, ýurdumyzy ynamly öňe alyp gitmekden ybaratdyr” diýip bellemegi, öz ynam bildiren kämil şahsyýetiniň, öz döwlet Baştutanynyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen halkynyň belent ynamyny pugtalandyryp, täze üstünliklere ruhlandyrdy. Döwletli maslahatda Hormatly Prezidentimiziň belent münberde eden taryhy çykyşynyň dowamynda täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek, kanunlary yzygiderli kämilleşdirip durmak, jemgyýetimizde täze hem-de ösen hukuk medeniýetini kemala getirmek, döwletlilik ýörelgelerimizi milli demokratiýa ýoly bilen dowam etdirmek, ony ösdürmek boýunça sözlän sözi biziň öňümizde täze maksatlary kesgitleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz diňe bir durmuş-ykdysady ösüşlere, maksatnamalara ýüzlenmek bilen çäklenmän, halkyň ruhy ýaşaýşynyň gözbaşy bolan aňyýet, medeni-ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak babatynda öňde durýan wezipeler barada hem durup geçdi. Bizem şu pursatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyp, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, olary halkyň arasynda giňden wagyz etmekde, Mejlisiň deputatlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň öňünde duran wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde, olary üstünlikli durmuşa geçirmekde mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Beýik Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlandyrmakda, döwleti berkarar etmekde, halky bagtyýar durmuşda ýaşatmakda belent wezipeleri durmuşa geçirýän, halk bilen döwleti goşa mukaddeslige deňäp, şol mukaddeslikleriň hatyrasyna paýhasly döwlet syýasatyny amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Tuwakgylyç Weliýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň syýasy we guramaçylyk işleri bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty