Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar

Garaşsyzlygyna eýe bolmagymyz milli taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Parahatçylygyň hem asudalygyň mekany bolan türkmen döwleti Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döredijiligiň we ösüşiň belent ruhuna beslenýär.

Taryh üçin örän gysga döwürde Gahryman Arkadagymyzyň parasady bilen öňe tarap örän möhüm ädimler ädildi. Geçilen ýola ser salsak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä derejesinde täze ösüş-özgerişlere eýe boldy. Dowamata dowam Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan ýurt ähmiýetli, bütin adamzat bähbitli alnyp barylýan işler diýseň buýsandyrýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň toýlanjak ýylynda eziz Diýarymyzyň özbaşdaklygy, özygtyýarlylygy barada pikir ýöredeniňde, ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýörelgeleriniň pugtalanmagynda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagynda, döwletimiziň özygtyýarly döwlet hökmünde dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagynda bimöçber işleriň durmuşa geçirilýändigi biziň her birimiziň başymyzy göge ýetirýär.

Gadymy we hemişe juwan türkmen topragynyň ähli ýerinde mukaddes baýramy mynasyp zähmet sowgady bilen garşylamak ugrundaky zähmet joşguny özüniň ajaýyp miwesini berýär. Garaşsyzlyk döretmäge kuwwat, zähmet çekmäge, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz Garaşsyzlyk gününe bagtyýarlygyň we berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar.

Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýy hem barha ýokarlanýar. Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmünde Ýer ýüzünde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýar, sebitde ylalaşdyryjy döwlet hökmünde çykyş edýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde şu ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan respublikasynyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine   gatnaşmagy şol ýerde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz täjik topragynda geçirilen ýokary derejeli duşuşykda taryhy söz sözläp, sebitiň döwletleriniň hyzmatdaşlygy ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha bermek bilen, öňde durýan geljekki maksatlary durmuşa geçirmekde birnäçe teklipleri öňe sürdi. BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialog maslahatyny döretmegi, BMG-niň degişli edaralary bilen BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň oňaýly formatyny we düzümini kesgitlemek boýunça maslahatlaşmalary geçirip başlamagy, şeýle-de ýöriteleşdirilen düzümi Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegi teklip et di. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalar geljekde sebit hyzmatdaşlygynyň hemme taraplaýyn ösdüriljekdigini aýdyň beýan edýär. 

***

Duşenbede geçirilen şeýle derejeli duşuşyklaryň çäklerinde Täjigistanyň Prezidentiniň çakylygy esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz iş sapary bilen bu dostlukly döwlete bardy. Halkymyz “Iş bitirseň, il tanar” diýýär. Gahryman  Arkadagymyzyň sebit, dünýäde derejesinde umumadamzat ähmiýetli wakalara dahylly bolup, Ýer şarynda ýaşaýan adamzadyň ykbalyna täsir edýän, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda, durnukly ösüşi üpjün etmekde bitirýän taýsyz hyzmatlary göz öňüne tutulyp, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy, bütin halkymyzy buýsandyran wakalaryň biri boldy. Elbetde, bu waka Duşenbede geçirilen ýokary derejeli duşuşyklary, onuň çäklerindäki dabaralary aýratyn bezän, many-mazmun çaýan taryhy pursatlar bolup, hakydalarda hemişelik galar. Parasatlylyk bilen sözlän her bir sözi kalbyňa ornaýan Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşy hiç bir ynsany biparh goýan däldir.

we bu duşuşyklaryň dowamynda Milli Liderimiz, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrlyp sebitde parahatçylygy howpsuzlygy pugtalandyrmakda ägirt uly şahsy goşandyny goşandygy üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň hormat nyşanynyň gowşurylmagy halkymyzy buýsandyrdy.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň ösüşlere beslenýän her bir güni naýbaşy baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň şanly toýuna has-da ýakynlaşdyrýar.  Halkymyzda “Toýlar toýa ulaşsyn!” diýen ýagşy dileg bar. 

Her ojakda toý gazanlary gaýnap dursun, aýdym-sazyň owazy batly ýaňlansyn, nesillerimiz bagt bagynda ganat ýaýsyn! 

Halkymyzyň iň ösen şertlerde ýaşamagy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň maksatlary myrat tapsyn!

Enejan Geldiýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Lebap welaýat  komitetiniň umumy bölüminiň esasy hünärmeni