Ýaňy ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz talyp ýaşlary we okuwçylary ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän baýramçylyk hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy, pedagog, professor, akademik hökmünde ýaş nesilleriň wekilleri bilen duşuşyp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we Watanmyzyň okgunly ösüşine, halkmyzyň abadan hem-de bolelin durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi, türkmen halkynyň şöhratly taryhy,milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary, ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler barada söhbet etdi.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow umumy sapaga gatnaşýanlar bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler, gözbaşy has gadymy döwürlerden gaýdýan nesil terbiýesi, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan milli durmuş tejribeler barada gürrüňler edildi. Döwür hakda, beýik geljegimiz hakda, bizi gyzyklandyrýan meseleler barada pikir alyşdylar. Yzly-yzyna gelýän milli baýramlarymyz we senelerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan üstünliklerimiziň, rowaçlyklarymyzyň toýudyr. Bagtyýar halkymyz her bir baýramyny milli buýsanç, ýokary ruhubelentlik bilen uludan toýlaýar. “Altyn güýzüň ilkinji gününde bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününi Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini dabaralandyrýan, döwrümiziň ýokary döredijilik ruhuny şöhlelendirýän, milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan şanly wakalar bilen garşy alarys” diýip, türkmen halkynyň milli Lideri belledi we türkmen halkyny hem-de bu ýere ýygnananlary Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň 32 ýyllyk toýy bilen utgaşyp gelýän 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Bilimler baýramynyň bu ajaýyp dabaralary Bitarap Watanmyzyň şöhratly taryhyna, häzirki beýik döwrüne we nurana geljegine bolan söýgimizi, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da berkidýär. Ykbalymyzdan parlak Gün bolup dogan Garaşsyzlygymyz türkmen halky üçin altyn eýýamyň gapysyny açdy, Türkmenistany hemişelik Bitaraplygyň mekanyna öwürdi. Bu dünýäde ykrar edilen hakykatdyr.Garaşsyzlyk we Bitaraplyk gazanylan esasy üstünlik hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyldy.Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden daşary syýasat strategiýasynda bitaraplyk we parahatçylyk ýoluny saýlap aldy. 1995-nji 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyz hemişelik bitaraplyk hukuk derejesine eýe boldy hem-de ygtybarlylygy, açyklygy, howpsyzlygy kepillendirýän hyzmatdaşa öwrüldi.Türkmenistan ählumumy parahatçylygy we howpsyzlygy üpjün edýär, häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça gepleşikleri geçirýär. Ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak hem-de iri sebit taslamalary amala aşyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek arkaly halkara derejede ileri tutulýan meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň syry biziň mukaddes Watanymyza ägirt uly buýsanç duýgusyndan doly ýüregimiz bilen baglanşyklydyr. Türkmen edermen, akylly,sowatly ýüregi pähim-paýhasdan doly halkdyr. Zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwletimiziň baş maksadydyr. Hut şu nukdaýnazardan hem ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylym-bilime höweslendirmek, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik we belent watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň özeni bolup durýar. Ýurdumyzyň durmuş – ykdysady ösüşine degişli möhüm ähmiýetli we ileri tutulýan wezipeleriň çözülmeginde, eziz Diýarymyzyň dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda giň we doly möçberli hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynda, şol sanda köpugurly we toplumlaýyn daşary syýasatynyň amala aşyrylmagynda hem ýaşlara uly ynam bildirilýär. Watanymyzyň abraýyny hem-de mertebesini belende götermek, adam hakdaky alada Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň düýp özenini düzýän ýoldur. Bu ýol dünýä derejesinde dabaralandyrylýan türkmeniň milli döwletliliginiň ýoludyr. 2052-nji ýyla çenli ýurdymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strartegiýasy ylmy taýdan esaslandyrylan hem-de döwlet dolandyryşynyň anyk tejribesi bilen tassyklanan täze milli nusgasydyr. Bu strategiýa laýyklykda ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar.Ykdysady,durmuş taýdan ägirt uly ähmiýeti bolan taslamalara maýa goýumlary gönükdirilýär. Bäsdeşlige ukyplylygyň, ösüşiň ýokary depginleri gazanmagyň wajyp şerti hökmünde sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Goý, bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz, sowatly, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli, ynsanperwer we hakyky watansöýüji adamlar bolup ýetişmegimiz üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Çynar Nuryýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy