Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň gerimli özgertmelerinde hususy pudagyň goşandy bimöçberdir. Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna geçmekde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, ykdysadyýetde döwlete dahylsyz pudagyň paýy barha artýar. Anyk mümkinçiliklere, ylmy esaslandyrmalara daýanýan bu wezipeleri durmuşa geçirmegiň barşynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli köp sanly kiçi we iri senagat kärhanalary döredilýär. Döwlet derejesinde berilýän goldaw-hemaýatlaryň netijesinde welaýatymyzda hem hususy ulgama degişli kärhanalaryň bir-näçesi öz işini üstünlikli ýola goýmagy başardy. Gurluşyk pudagyna degişli dürli önümleri öndürýän Türkmenbaşy etrabyndaky «Akgaýa» hojalyk jemgyýetini, Balkanabat şäherindäki «Giň dere», «Zürýada hyzmat» hususy kärhanalaryny şeýle kärhanalaryň hatarynda görkezmek bolar. Bu kärhanalaryň öndürýän dürli gömüşli gurluşyk önümleri sarp edijileriň arasynda durnukly artýan isleglerden peýdalanýar. Welaýat merkezinde ýerleşýän «Batly-Gadam» hususy kärhanasy özüniň öndürýän ýokary hilli nah ýüplükleri hem-de jorap we jorap önümleri bilen diňe bir içerki sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsemönümiň bugörnüşlerini bazarlara hem yzygiderli ugratmagyň hötdesinden gelýär. «Demir ölçeg» hususy kärhanasy tarapyndan elektrik enjamlaryny satyn almak ibermek, synagdan geçirmek, ulanmaga bermek, ýyldyrymdan goraýjylary gurnamak ýaly ýöriteleşdirilen köp sanl y tehniki hyzmatlar, elektrik enjamlaryny ýokary woltlarda synamak, ölçemek, elektrik enjamlaryny, elektrik howa geçiriji ulgamlary gurnamak hem-de sazlamak, elektrik geçiriji ulgamlar üçin demir gurluşlary öndürmek, yşyklandyryş üçin sütünleri, elektrik enjamlaryny abatlamak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Türkmenbaşy etrabyndaky «Senagat plastik» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän dürli ölçegdäki ýükasty tekjeler halk hojalyk ýüklerini ýükläp-düşürmekde, ammarlarda ýerleşdirmekde hem-de uzak wagtlap saklamakda wajyp ähmiýete eýedir. «Läle plastik» hususy kärhanasy hem ýerli çigmaldan gündelik durmuşda giňden peýdalanylýan polietilen torbalaryň, şeýle-de plýonkalaryň önümçiligini üstünlikli alyp barýar. «Hazar balyk» açyk gömüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Bereket etrabynyn çäginde ýerleşýän «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň öndürýän dürli azyk we beýleki önümleri daşarky bazarlarda hem bäsleşmäge ukyplydyr.
Ogulbäbek NURGULYÝEWA, Türkmenistanyn Senagatçylar we telekeçiler partýasynyň Balkan welaýat komitetiniň baş buhgalteri.