Berkarar döwletiimiziň gülläp ösmegi we jemgyýetimiziň galkynyşy Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan beýik işleriň ajaýyp miwesidir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalary ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösýändigini äşgär edýär. Bedew batly ösüşleriň depgininiň Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň barha golaýlaşýan günlerinde has-da rowaçlanýandygy ildeşlerimiziň buýsanjyny artdyrýar. Şu ýylyň 18-nji iýulynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi täze taryhy eýýamyň ajaýyp wakalarynyň hatarynda orun aldy. Mejlisiň dowamynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de şol buýsançly senäniň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmegiň hem-de hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk baýramynyň agzybir halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli we buýsançly wakadygyny belläp, şol günler geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisin-de Garaşsyz döwletimiziň ösüş özgerişli ýolunda ýetilen sepgitleriň, gazanylan uly üstünlikleriň hem-de bitirilen tutumly işleriň jeminiň jemlenjekdigine ünsi çekdi. Mejlisde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion Kanuna laýyklykda, Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak, ony ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, onuň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de düzümini tassyklamak we şu meseleler boýunça beýleki wezipeleriň degişli Kararlar bilen berkidilmegi öňde boljak möhüm wakalary ýokary derejede guramaga zerur şertleriň dörediljekdiginiň nyşanydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlygyň çäklerinde Garaşsyz döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijileriniň düýpli seljerilmelidigini belläp, hormatly Arkadagymyz bu babatda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan alty ugruň üstünde durup geçdi. Şolaryň hatarynda geljekde bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, hususy pudagyň işjeňligini has-da artdyrmak ýaly möhüm wezipeleriň hem bolmagy bizi has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Milli Liderimiziň goldaw-hemaýatlary esasynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň birine öwrülen telekeçilik ýurdumyzyň dünýäde öňdebaryjy orunlara çykmagynda wajyp orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Serdarymyz hem ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny goldamak babatda uly tagallalary edýär. Telekeçilik işiniň hukuk esaslarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, pudaga uly göwrümli maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, ýeňillikli salgyt ulgamy, hususyýetçi daýhanlara ýerleriň uzak möhletleýin kärendesine berilmegi ýaly şertler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle şertlerdir mümkinçilikler türkmen telekeçilerini Garaşsyz Watanymyzyň rowaçlygy ugrunda has-da güýçli depginde, yhlasly işlemäge borçlandyrýar. Hususy pudagyň wekilleri halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna we milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşant goşmak ugrunda tutanýerli zähmet çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuna täze ýeňişler we uly üstünlikler bilen barýarlar.
Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.