Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BELENT BAŞLANGYÇLARA BADALGA

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýakynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakalaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyz mejlisde eden çykyşynda täze özgertmeleriň netijesinde häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylandygyny aýratyn belledi. Milli Liderimiz deputatlaryň Hökümet bilen ykjam aragatnaşykda, wakalaryň jümmüşinde bolmalydygyna ünsi çekip, olaryň döwrüň wajyp meselelerine wagtynda seslenip, degişli teklipleri işläp taýýarlamalydyklaryny aýtdy. Munuň özi kämil demokratik ýörelge bolmak bilen, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen ynsanperwer şygarlaryň döwlet syýasatynyň düýp özeninde durýandygyny äşgär edýär.

Ilatyn ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy jemgyýetiň binýadyny pugtalandyrýan esasy şertleriň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 29-njy iýunyn-da Arkadag şäheriniň birinji tapgyry dabaraly ýagdaýda açyldy. «Gel-jegiň şäheri» diýlip atlandyrylýan Arkadag şäheri sebitde iň döwrebap, innowasion taslamadyr. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan bu şäher Türkmenistanda adam hakyndaky aladanyň esasy orunda durýandygyny, ýaşaýyş üçin amatly gurşawyň kemala getirilýändigini ýene bir gezek aýan etdi. Şundan ugur alyp, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň golaýda geçirilen ginişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetiň pudaklaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmelidigine ünsi çekip, «Bir penjire» elektron görnüşli döwlet hyzmatlaryny ýola goýmalydygyny nygtady. Bu hyzmatlar ösüşleriň bir bitewi ulgamyny emele getirer.

Halk Maslahatynyn Prezidiumynyň mejlisinde ykdysady ulgam babatda aýratyn gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyz geljekde milli ykdysadyýeti depginli ösdürmegiň esasy alty ugruny kesgitledi. Şunda birinji ugur bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, paýdarlar jemgyýetlerini döretmekden, gymmat bahaly kagyzlaryň bazaryny, gazna biržasynyň, hususy pudagyň işini kämilleşdirmekden, maýadarlaryň töwekgelçiliklerini peseltmek üçin olara goşmaça kepillikleri bermekden ybarat bolan maksatlary öz içine alýar. Ikinji ugur maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, has köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak, olaryn hünär derejelerini ýokarlandyrmak babatda täze usullary we enjamlary ornaşdyrmak ýaly wezipelerden durýar. Üçünji möhüm ugur bolsa saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmek, iýmit howpsuzlygyny üpjün etmek, bejeriş-önüni alyş işleriniň, derman serişdeleriniň hiliniň ýokary bolmagy üçin gözegçiligi dowam etdirmek ýaly çäreler bilen baglanyşyklydyr. Dördünji ugur senagat pudagyny, hususan-da, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma pudaklaryny innowasiýalar arkaly ösdürmekden we bu pudaklara degişli standartlaryň, maýa goýum, hukuk, ykdysady gurşawyn kämil bolmagyny gazanmak üçin teklipleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

Mejlisde öňe sürlen bäşinji ugur oba hojalyk toplumyny ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, gaýtadan işleýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmak, azyk önümlerini saklamak ulgamyny giňeltmek, oba hojalyk senagatynda emläk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, eksport ugurly önümçilikleriň döredilmegini dowam etdirmek, oba ýerleriniň durmuş taýdan özgerdilmegini çaltlandyrmak, eksport ugurly önümçilikleri ýola goýmak, önüm öndüriji hojalyklaryň mümkinçiliklerini artdyrmak, tohumçylyk, ýer, suw meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak ýaly işleri göz öňünde tutýar. Altynjy ugur, öz gezeginde, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli alyp barmak, tejribeleri öwrenmek we olary giňden ornaşdyrmak babatda teklipleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Agzalan ugurlaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerinin netijeliligini has-da artdyrmakda Halk Maslahatynyň ygtybarly güýç bolup hyzmat edýändigini görkezýär. 

Şu ýylyň alty aýynyň netijelerine nazar aýlanyňda, Türkmenistanyn ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyna aýdyn göz ýetirmek bolýar. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deneşdirilende, jemi öndürilen önümiň 6,2 göterim artmagy, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň 24,6 göterim ýokarlanmagy bu babatda kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4 göterimi önümçilige, 50,6 göterimi bolsa medeni we durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirilendir. Türkmenistanyn Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen alty aýda oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginde 110,3 göterim, senagat önümçiliginde 109,6 göterim ösüş gazanyldy. Bu netijeler türkmen telekeçileriniň ýurdumyzy ösdürmekde aýratyn işjeňlik görkezýändiginiň subutnamasydyr. Ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça ýetilýän guwandyryjy sepgitler halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerininň görnetin ýokarlanmagyna oňyn şertleri döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyn ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyn Prezidiumynyň mejlisi il bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumlara badalga berdi. Önde goýlan belent maksatlar bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň üstüne düşýän jogapkärçilik hem juda uludyr. Biz döwletli maslahatda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmekde, teklipleri öwrenmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.