Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

TÜRKMEN HUSUSYÝETÇILERINIŇ BINAGÄRLIK TEJRIBESI

Gahryman Arkadagymyzyň kamil binagärlik paýhasyndan, il-halkyň abadan durmuşy baradaky çynlakaý aladalaryndan kemal ta¬pan Arkadag şäheriniň açylyşy taryha altyn harplar bilen ýazyldy, Arkadag şäheri — ekologiýa taýdan amatly ýerde ýerleşen, sebitde ikinji «akylly» şäher Bu gün täze şäherde täze durmuş başlandy, Gah¬ry¬man¬ Arkadagymyzyň «Telekeçiler ýurduň altyn gaznasydyr» diýen sözlerinden ruhlanyp zähmet çekýän hususyýetçilerimiz bu şäheriň gurluşygyna giňden we işjeň gatnaşmak bilen, iri taslamalary amala aşyrmaga ukyplydyklaryny ýene bir gezek subut etdiler. Munuň özi türkmen telekeçileriniň döwletimiziň uly ynam bildirmegi bilen soňky ýyllarda bina gurmakda baýtejribe toplandygynyň güwäsidir. Halkymyzda «Gurýan döwlet gurpludyr» diýilýär. Döwletimiz tarapyndan döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden, döwre bap şertlerden netijeli peýdalanyp, öz alyp barýan işlerini döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirýän türkmen telekeçileriniň gatnaşmagynda ýokary hil derejesinde bina edilen Arkadag şäheri hem milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlylygynyň, depginli ösüşleriniň aýdyň beýanydyr. Çünki şeýle iri gurluşyklary amala aşyrmak, döwrebap şäherleri gurmak diňe ykdysady taýdan durnukly, kuwwatly döwletlere başardýar. Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi kuwwatly işewürlik düzümidir, onuň agzalary milli ykdysadyýetimiziň birnäçe esasy pudaklarynda işleýärler, ýurdumyzyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýarlar, daşyndan getirilýän harytlar bilen bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmak boýunça täze kärhanalary döredýärler. Gurluşykçylarymyz bilen bir hatarda, birleşmäniň beýleki ugurlarda zähmet çekýän agzalary, ýagny azyk önümlerini öndürijilerdir senagatçylarda täze şäher üçin zerur bolan gurluşyk, senagat harytlaryny, mebelleri öndürmekde, söwda merkezlerini azyk we gündelik sarp edilýän önümler bilen üpjün etmekde aýratyn işjeňlik görkezdiler. Arkadag şäheri täze çilligiň mekany bolup, bu ýerde gurlan edara binalarynda, ýaşaýyş jaýlarynda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary ornaşdyryldy. Bu mekan şäher gurşawyny guramagyň iň täze tehnologiýalarynyň doly derejede ulanylmagyna gönükdirilen häzirki zaman binagärliginiň hem-de meýilleşdiriş medeniýetiniň nusgasy bolup durýar. Milli Liderimiz Arkadag şäherine amala aşyran iş saparlarynyň birinde şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda öz wezipelerini üstünlikli, wagtynda berjaý edip, öňe saýlanmagybaşaran hususy telekeçilere ikinji tapgyrda hem binalaryňdyr desgalaryň gurluşygyny ynanmagyň maksada laýyk boljakdygyny belledi. Bilşimizýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda her biri 720 orunlyk umumy bilim berýän mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-sy, saglyk öýi, ýangyna garşy göreş gullugynyň, Arkadag şäheriniň etrap häkimliginiň edara binalary, muzeý, “Saglyk” seýilgähi, çagalar seýilgähi, söwda we hyzmat ediş toplumy (bazar), her biri 30 öýli, 5 gat-ly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 40 öýli, 5 gat-ly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 42 öýli, 7 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 24-si, her biri 54 öýli, 9 gat-ly ýaşaýyş jaýlarynyň 14-si bina ediler. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň çäklerinde täze şäherde azyk howpsuzlygyny, degişli ekologik ýagdaýy üpjün etmek bilen bir hatarda täze iş orun larynyň döremegini, telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegini üpjün etjek ululy-kiçili önümçilik kärhanalary, aýratynda, gaýtadan işleýän önümçilikler dörediler. Şeýle-de şu ýylyň 20-nji ýanwarynda Arkadag şäherinde Baş metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Baş metjidiň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, birbada 15 müňden gowrak adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Sadaka jaýy 1500 adama niýetlenendir. Metjidiň ýanynda okuw medreseside gurlar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu binalardyr desgalaryň taslamalaryny durmuşa geçirmekde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm orun degişlidir. Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylmagynyň yzy süre, 30-njy iýun da geçirilen «Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumyda milli ykdysadyýetdäki möhüm waka boldy. Forum täze şäheriň mundan beýläk-de ösdürilmegi we senagat taýdan berkidilmegi üçin maýa goýumlary işjeň çekmäge esaslanýan maksatlary öz içine aldy. Ýurdumyzyň maýa goýum strategiýasynda milli ykdysadyýetiň hususy böleginiň ösdürilmegi ugur edinilýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň çykyşlarynda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine döwlet derejesinde berilýän goldaw giňden beýan edildi. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda telekeçileriň paýy ýyl-ýyldan artýar, şu ýyl bolsa bu görkezijiniň jemi içerki önümiň möçberinde (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) 71,3 göterime deň bolmagyna garaşylýar. Örän iri milli taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy diňe bir sanly hem-de “ýaşyl” tehnologiýalaryň oýlanyşykly utgaşdyrylmagynyň, üstünlikli döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň däl-de, Habitat —III ýaşaýyşjaýy we durnukly şäher ösüşi boýunça BMG-niň maslahatynda tassyklanylan “Täze şäher gün tertibi” konsepsiýasynyň durmuşa geçirilýändiginiň hem aýdyň mysalydyr. Ata-babalarymyzyň gadymy mekanynda kemala gelen bu şäher Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň abadançylygy, halkyň bagtyýar we bolelin durmuşy ugrunda kyköpugurly tagallalarynyň wysaly bolup, türkmen döwletiniň halkara abraýyny hem belende göterýär.

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.