Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” hem-de Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!” diýen ýörelgelerinden ugur alnyp, döwletiň we jemgyýetiň baş baýlygy hasaplanylýan adam hakdaky alada amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň, giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň esasyny düzýär. Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan öňegidişlikler halkymyzyň sagdynlygyna berilýän ýokary ünsüň aýdyň beýany bolup durýar. Ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegine, oňa ählumumy elýeterliligiň ýola goýulmagyna şert döredýär. Munuň özi eziz Diýarymyzyň raýatlarynyň saglygyny berkitmäge, ömür dowamlylygyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär. Netije-de, häzirki döwürde ýurdumyzda oba we şäher ilatyna lukmançylyk hyzmatynyň hil tapawudy düýpli azaldy. Çünki ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş edaralarynyň ählisi öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary hem-de ýokary derejede takyklaýjy abzallar bilen üpjün edildi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk enjamlaşdyrylan Halkara Lukmançylyk, keselleri anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, derman öndürýän kärhanalar, saglyk öýleri, köpugurly hassahanalar, bedenterbiýe we sport desgalary yzygiderli gurlup, ulanyşa girizilýär. Saglyk adamzadyň iň gymmatly baýlygy. Muňa çuňňur düşünýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eserinde “Saglyk – abatlyk” diýen bölüme giň orun berip, “Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr” diýip belleýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem: Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy, Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy diýip, munuň şeýledigini anyk kesgitläpdir. Saglygyň adamzadyň iň gymmatly baýlygydygyny halkymyzyň arasynda gadym döwürlerden bäri dowam edip gelýän däp-dessurlarymyz, ynanç-ygtykatlarymyz hem doly tassyklaýar. Birek-birek bilen hal-ahwal soralanda aýdylýan “Sag-aman ördüňizmi?”, “Öý içeri saglykmy?” ýaly hoşniýetli sözler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Adam birek-birek bilen hoşlaşanda hem biri-birine “Sag bol” diýmek bilen, birek-birege iň uly baýlygy – saglygy arzuw edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ilatymyzyň saglygyny goramak we berkitmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan öňüni alyş we anyklaýyş merkezleri, saglyk öýleri, hassahanalar gurulyp ulanylmaga berilýär. Bularyň mysalynda 2022-nji ýylyň maý aýynda Arkadagly Serdarymyzyň hut öziniň gatnaşmagynda açylan Daşoguz şäherinde ýerleşýän 450 orunlyk Köpugurly hassahanany we 150 orunlyk Onkologiýa merkezlerini belläp geçmek bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzda zyýanly endiklerden daşda durmak, olaryň ulanylyşyny azaltmak boýunça birnäçe uly göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly Türkmenistanda çilimkeşlige garşy göreş 1998-nji ýylda, temmäki önümleriniň mahabatyny gadagan etmek arkaly başlandy. Şondan biraz soňra ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde çilim çekmek gadagan edildi. 2000-nji ýylda bolsa köçede, jemgyýetçilik ýerlerinde, edara binalarynda we harby desgalarda çilim çekmek gadagan edildi. Iki ýyl soňra sürüjileriň ulagda çilim çekmelerine gadaganlyk girizildi. Türkmenistan 2011-nji ýylda BSGG-niň Temmäkiniň üstünden gözegçilik etmek baradaky konwensiýasyna goşuldy. Geçen ýyl bolsa Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklandy. Halkymyzyň jan saglygyny gorap saklamakda hem berkitmekde amala aşyrýan dünýä nusgalyk beýik işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin.
Maksat Meredow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy