Dogrusy telekeçi sözi Garaşsyzlyk ýyllary peýda bolup, bu günki günde bu söz müňlerçe işdeşlerimiziň kesp-kärini aňladýar. Hakyky telekeçi üçin bu kär ýeňil kär däl. Telekeçiniň aladasam, hysyrdysam ýetik bolup, ol hemişe ýöredýän işiniň telekesini etmeli bolýar. Şol bir wagtda telekeçiligiň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli ugurdygyny guwanç bilen ýatlamaga haklydyrys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, Bitarap döwletimizde bazar ykdysadyýetiniň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna, bazar gatnaşyklarynyň hil taýdan kämil derejelere çykarylmagyna uly ähmiýet berýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk çygrynyň – hususyýetçiligiň ösdürilmegine, kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldanylmagyna gönükdirilen tutumly işlere badalga berildi. Ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň ösüşli döwrümiziň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmeginde uly işler bitirildi. şeýlelikde, ýurdumyzda telekeçiligiň çalt depginlerde ösdürilmegi ilatyň ýokary hilli harytlara we önümlere barha ösýän islegini has doly kanagatlandyrmak guwançly netijeler gazanylýar. Aslynda, türkmen telekeçiligi hakynda gürrüň açylanda Gahryman Arkadagymyzyň “Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr” diýen parasatly jümlesi ýadyňa düşýär. Arkadagly Serdarymyzyň berýän goldaw-ýardamyndan ruhlanýan Mary welaýatynyň işewür telekeçileriniň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tagallalaram guwandyrýar. Olar ilatyň islegli harytlaryny we önümlerini öndürmekde, dürli hyzmatlary edip bermekde uly işleri bitirýärler. Harytlaryň bolçulygyny döretmekde uly işleri bitirýärler. Dürli önümleri we harytlary öndürmek, gurluşyk-gurnama işlerini etmek, oba hojalyk önümlerini köp mukdarda öndürmek bilen meşgullanýan hususy kärhanalaryň, firmalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň sany artyp, işleri barha rowaç alýar. Telekeçilerimiziň hususy işlerini talaba laýyk ýola goýmaklary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň we önümleriň ýerini tutýan harytlaryň önüm bolçulygyny döretmäge mümkinçilik berdi. Şol bir wagtda telekeçilerimiziň özleriniň harytlaryny we önümlerini daşary ýurtlara eksport etmekleri guwanç duýgusyny döredýär. Ýene bir bellemeli zat bolsa, hususyýetçiligiň ösdürilmegi täze-täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berdi. Partiýamyzyň welaýat komitetiniň işgärleridir işjeň agzalary hormatly Prezidentimiziň telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen tutumly işlerini ilata düşündirmekde, olary wagyz etmekde degerli çäreleri geçirýärler. Telekeçileriň arasynda guramaçylykly ýola goýýan tagallalarymyz gowy netijesinem berýär. Türkmen telekeçileriniň Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza hoşallyklarynyň çägi ýok. Ýurt Baştutanymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri zyýada, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli belent tutumly işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
Maral Durdyýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.