Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Ylmyň-bilimiň Watany sen Türkmenistan!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Ylymlar gününiň giňden bellenilmeginde çuňňur many bar. Çünki, ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Döwletimizde şu ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýlip yglan edilmeginiň esasy maksady ýaş nesillerimizi ylym-bilim ulgamynda kämil ýaşlary ýetişdirmek durýandyr. Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadag Serdarymyzyň bu ugurda alyp barýan işleri bimöçberdir. Ýurdumyzda ýaşlara bilim we terbiýe bermekde zerur bolan ähli şertler döredilýär. Ýaşaýşa, durmuşa bezeg berip, ynsany ruhy taýdan bagta atarýan ilkinji ädim ylym-bilimden başlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew badyna eýe bolup, belent sepgitlere çykýan Diýarymyz hemmämiziň çuňňur buýsanjymyzdyr. Bu ugurda kämil kanunlaryň, maksatnamalaryň we beýleki möhüm resminamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzda ylmyň ygtybarly binýadyny döredýär. Beýik ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi hem-de häzirki döwrüň talaplary nazara alnyp, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda her ýylyň 12-nji iýuny Ylymlar güni bellenip geçirilýär. Ata-babalarymyz ylym-bilime uly sarpa goýup şeýle gowy nakyllary miras galdyrypdyr: “Goýun bakan çöl tapar, ylym okan ýol tapar”, “Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň”, “Ylym — akylyň ýarysy”, “Bilegi zor birini ýykar, bilimli zor – müňüni”… ýaly nakyllardyr atalar sözüni ýönelige döreden däldir. Taryhda ylym öwrenip, uly derejelere ýeten ägirtleriň-Mahmyt Kaşgarlynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Magtymguly Pyragynyň, Mäne babanyň... atlary häli-häzirem ýaşlary terbiýelemekde bize gyzyldan-gymmatly uly çeşme bolup durýar. Şol ägirtler beren terbiýesi, galdyran ylym çeşmesi biziň we ýaş neslimiziň ýüreklerinde nur bolup parlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14 tomy biziň ähli halkymyza edilen serpaý. Türkmen tebigatynda hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak ençeme dermanlyk ösümlikler ösýär. Türkmen halk lukmançylygynda peýdalanylýan şeýle ösümlikleri hemme taraplaýyn ygtybarly öwrenmäge aýratyn üns berip biziň halkymyza kitap edip ýetirmegi Gahryman Arkadagymyzyň bize-halkyna bolan çäksiz söýgüni aýan etdi. Dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň pugtalanmagynda, abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde ylmyň, bilimiň, medeniýetiň we döredijilikli başlangyçlaryň mümkinçilikleri çäksizdir. Häzirki döwürde ylmyň, bilimiň, milli medeniýetimiziň mümkinçiliklerini, döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlaryny dowam etdirýäris. Bütindünýäde ylym-bilime hormat goýulýar. Ylym biziň durmuşymyzy gözelleşdirdi, owadan etdi! Ähli türkmen halkyny, Hormatly Arkadagly Prezidentimizi, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy ylym ojaklarynyň talyplaryny we işgärlerini Ylymlar güni bilen gutlaýarys! Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri dowamat dowam bolsun!

Enejan Geldiýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň umumy bölüminiň esasy hünärmeni