Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Bilimli nesil biziň röwşen geljegimizdir

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary halk hojalygyna ornaşdyrmak, Türkmenistany ösen ylmyň we iň täze tehnologiýalaryň ýurduna öwürmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere bilim we terbiýe bermek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak işjeň häsiýete eýe bolýar. Bedew batly ösüşler bilen öňe barýan, abraý-mertebesi belende göterilýän ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, “Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ägirt uly ylmy mümkinçilikleri bolan giň dünýägaraýyşly we täzeçil tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, maksada okgunly, ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ähli zerur tagallalar gaýgyrylmaz”. Ýurdumyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň” wezipelerine laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda dürli ugurlar boýunça döwrebap ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. 2020-nji ýylda “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020-2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy” kabul edildi. Bu strategik taýdan ähmiýetli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ylym ulgamyny kämilleşdirmäge itergi berdi. Ylmy döwlet tarapyndan goldamak işi giňeldilýär hem-de onuň maddy – enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, geljegi uly barlaglary, tejribe-synag hem-de tehnologik işläp taýýarlamalary maliýe taýdan goldamak işi ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak baradaky gaznasy hem-de Ylmy ösdürmek gaznasy hereket edýär. Döwletimizde ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ylym almagy üçin şertleri üpjün etmek, zehinli ýaşlara goldaw bermek, ýaşlaryň beden we ruhy ösüşine gönükdirilen şertleri döretmek işleri maksatnamalaýyn amala aşyrylýar. Mekdep okuwçylarynyň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda olimpiadalar, bäsleşikler, maslahatlar, sergiler, festiwallar, yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň hünär saýlamakda, kärini özleşdirmekde we olaryň bilime, ylyma bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmekde döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň öňünde geljekki ösüşlere tarap aýgytly ädimleri ätmek ugrundaky anyk maksatlaryň durmagy dünýäniň ösen ýurtlarynyň bilim ulgamynda gazanylan oňyn tejribelere hem-de milli ýörelgelerimize laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna, ylmyň iň soňky gazananlarynyň, onuň kämil tehnologiýalarynyň okuw işine işjeň ornaşdyrmagyna, şeýlelikde, ylym-bilim ulgamynda okuw işini ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleriniň dowam etdirilmegine itergi berýär. Ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni uly dabaralar bilen bellenilip geçilýär. Baýramçylyk gününde ýaşlaryň arasynda geçirilýän “Ýaş alym” bäsleşiginiň ýeňijilerine Hormatly Prezidentimiziň adyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz, sowatly, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli, ynsanperwer we hakyky watansöýüji adamlar bolup ýetişmegimiz üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!.

Tuwakgylyç Weliýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiň Deputaty.