Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Hususy işewürlik sazlaşykly ösdürilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, maliýe-ykdysady we durmuş şertleri döredildi. Hormatly Arkadagymyzyň asylly işlerini dowam edýän Arkadagly Serdarymyz telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Döwletimiz tarapyndan senagatçylar we hususy telekeçiler üçin ýeňillikli karzlar, oňaýly salgyt ulgamy ýaly amatly şertler üpjün edilýär. Şeýle çäreleriň netijesinde milli öndürijilerimiz onçakly uzak bolmadyk döwürde ýokary hilli önümler bilen içerki bazary üpjün etmekde hem-de daşary ýurtlara çykarmakda nusgalyk işleri bitirdiler. Türkmen telekeçileri häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalara, şol sanda paýtagtymyzdaky iri söwda merkezleriniň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, Arkadag şäheriniň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, şeýle hem ýurdumyzyň dürli ýerlerindäki durmuş-medeni maksatly beýleki desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýar. Hususyýetçiler ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyklardyr şanly seneler mynasybetli guralýan sergilerde özleriniň ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümlerini, döwrebap hyzmatlaryny yzygiderli tanyşdyrýarlar. 24-25-nji maýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergide-de hususy işewürlerimiz diňe bir ildeşlerimizi däl, eýsem, daşary ýurtly myhmanlary hem haýran galdyrmagy başardy. «Aýdyň gijeler» we «Akylly tilsimat» hojalyk jemgyýetleri innowasion çözgütleri bilen begendirse, «Eşret mahabat» hususy kärhanasy binalaryň we desgalaryň gurluşygynda peýdalanylýan bezeg önümlerini görkezdi. «Ojar Aziýa», «Baýly gurluşyk», «Ajaýyp-gurluşyk», «Dost gurluşyk», «Nur bina» we beýleki gurluşyk kärhanalary soňky ýyllarda toplan uly tejribesini we ýerine ýetiren taslamalaryny görkezse, «Çigildem» we «Aýbölek» mebel kärhanalary okuw, edara binalary hem-de öýler üçin niýetlenen owadan mebelleri bilen üns çekmegi başardylar. «Sapaly jaý», «Ak gaýa», «Ak bulut», «Erjel Begenç», «Ukyply kärdeşler» ýaly milli kompaniýalar köp görnüşli gurluşyk serişdeleri bilen tanyşdyrdylar. «Jadyly bag» we «Roza gül» nyşanly bezeg hem-de janly güller hemmeleriň üns merkezinde orun aldy. Şunuň ýaly gözden geçirilişlerde we baýramçylyk dabaralarynda türkmen telekeçileriniň ýeten sepgitlerini synlanyňda milli önümlerimiziň hiline buýsanjyň artýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döredilýän giň şert-mümkinçiliklerden göwünleri galkynýan senagatçylar we telekeçiler täze taryhy eýýamda döredijilikli zähmet çekjekdiklerine hem-de halkymyzyň eşretli durmuşyna gönükdirilen özgertmeleriň rowaçlanmagy ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar.

Oguljeren KAZAKOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.