Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Ekologiýa abadançylygynyň goragynda

Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň gözel tebigatyny, biologik dürlüligini, ýer hem-de suw baýlyklaryny, ekologik arassaçylygyny, milletiň saglygyny gorap saklamak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Aşgabat şäheriniň töwereginde we welaýatlaryň ilatly ýerlerinde agaç nahallaryny ekmek, oba hojalyk meýdanlarynyň töwereginde gorag tokaý zolaklaryny döretmek, dag arçalaryny, çöl sazaklaryny we kenarýaka tokaýlyklary gaýtadan dikeltmek, tohum taýýarlamak ýaly işleri boýunça esasy wezipeleri özünde saklaýar. Türkmenistanyň tutuş çägini bagy-bossanlyga büremek boýunça maksatnamanyň amala aşyrylyşy üstünlikli dowam edýär. Diňe soňky 5-10 ýylda paýtagtyň, iri ilatly nokatlaryň ählisiniň daş-töwereginde pürli, ýaprakly we miweli agaçlardan gök guşak zolagy döredildi. Her ýyl ýurtda jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň işjeň gatnaşmagynda millionlarça ýaş agaç nahallary oturdylýar. Gök zolaklar howadaky kömürturşy gazyň uly möçberlerini özüne siňdirmekde, ösümlikleriň we haýwanlaryň, tutuşlygyna alnan ekologik ulgamyň köp dürlüligini gorap saklamakda esasy wezipäni ýerine ýetirýär. Biziň ýurdumyzyň adam eli bilen döredilen tokaýlaryň howanyň ýylamasyny biologik taýdan düzgünleşdirmekde uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek zerur. Tebigat ýer şarynda hökmany ýagdaýda biologik düzgüni üpjün edýär, adamyň maddy zerurlyklaryny kanagatlandyrmagyň çeşmesi hökmünde çykyş edýär, adamyň ruhy dünýäsiniň emele gelmegine täsir edýär. Daşky gurşaw goralanda jemgyýetiň ekologik bähbidi aňladylýar, olar daşky gurşawyň hilini we köpdürliligini saklamaga gönükdirilendir. Tebigaty, ilatyň saglygyny, biologik dürlüligi goramak, ýer-suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek meselelerini Hormatly Prezidentimiz hemişe üns merkezinde saklaýar. Bu babatda ekologik kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, şäherleriň we obalaryň töwereginde tokaý seýilgählerini döretmek, arçalyklaryň meýdanlaryny giňeltmek ýaly işler muňa şaýatlyk edýär. Ekologiýa syýasatyny halkara kadalary bilen sazlaşygyň çäginde has kämil amala aşyrmak üçin jemgyýetiň ekologiýa, ykdysady we durmuş bähbitlerini ylmy taýdan esaslandyryp utgaşdyrmak ýörelgesiniň mazmunyny we ähmiýetini ýüze çykarmak üçin ylmy taýdan öwrenmegiň ähmiýeti artýar. Türkmenistan döwletimiziň ynsanperwer ýörelgeler esasynda alyp barýan daşary syýasatyny alamatlandyrýar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň möhüm halkara ekologiýa başlangyçlary dünýä derejesinde yzygiderli öňe sürülýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyga eýe bolan Türkmenistan bu günki günde ähli ynsanyň ykbalyna täsir edýän derwaýys meseleleri çözmegiň giň mümkinçiliklerini döredýän Zeminiň ylalaşdyryjy merkezleriniň biridir. Türkmen tebigatynyň özüne ýetik gözelligi bar. Tebigatyň owadanlygyny daglarda, düzlerde, çöllerde görse bolýar. Gatbar-gatbar daglarymyzy bezäp oturan ösümlikdir, onuň haýwanat dünýäsiniň hersiniň öz aýratynlygy bar. Türkmen tebigatynyň hoştap howasy, Garagum sähralarynyň gum depeleri ähli pasyllarda öz gözelligi bilen tapawutlanýar. Tebigatymyzyň sergin şemally sähralarynda agyp-dönýän owlak-guzulara, özbaşyna gezip ýören düýelerdir bedewlere gözüň düşende türkmen tebigatynyň aýratynlyklaryna bolan söýgi kalba dolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Hormatly Prezidentimiz tebigata aýawly çemeleşmelidigini, ony gözüň göreji ýaly gorap, baýlyklaryndan rejeli peýdalanmalydygyny hemişe nygtaýarlar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça yzygiderli çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýurdumyzda ençeme işler alnyp barylýar. Bu bolsa halkara giňişlikde uly goldawa mynasyp bolýar. Bag ekmek, tebigaty, daşky gurşawy goramak adam üçin kadaly ýaşaýşy üpjün etmegiň ygtybarly usulydyr. Şeýle döwlet ähmiýetli işlere goşant goşmak bolsa, ýurduň her bir raýatynyň borjudyr. Çünki ekologiýa abadançylygy döwrüň derwaýys meselesidir. Tebigaty goramak hemmämiziň borjumyzdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimizň Arkadagly Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriAniň uzak, il-günümiziň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin!

Aýna Saryýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary