Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Halkara Deňiz porty – hyzmatdaşlygyň täze ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz köp ugurly logistika ulgamyny döretmek taslamalaryny işjeň durmuşa geçirýär, hususan-da deňiz ulaglary pudagynyň infrastrukturasy giňeýär. 2018-nji ýylda işe girizilen şeýle uly desgalaryň biri hem Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portudyr. Häzirki wagtda ol ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan köpugurly uly halkara terminaldyr. Onuň kuwwaty Ýakyn we Orta Gündogaryň, Hindi ummanynyň deňiz ýollary boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Port kem-kemden Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarynda yklymyň iň uly ulag merkezine öwrülýär. Mundan başga-da, Port Merkezi Aziýany Ýewropa bilen deňiz, gara we demir ýollar arkaly birleşdirýär hem-de sebitdäki iň uly üstaşyr geçiriş merkezi bolup hyzmat edýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň deňiz derwezelerinden Ro-Pah derejeli “Berkarar” we “Bagtyýar” gämileri bilen Hazarýaka portlaryna ýolagçylardyr ulag akymy ep-esli artdy. Türkmenbaşynyň deňiz duralgasyndan üstaşyr daşalýan ýüküň möçberi artýar. Gämi duralgalarynda dürli ýurtlardan gelýän gämileriň ýüki düşürilýär. Port ýükleri başga ulaglara ýüklemegi hem üpjün edýär. Daşary ýurtlardan getirilýän we eksport edilýän türkmen harytlarynyň möçberi barha artýar. Garabogazda öndürilen senagat çig mallary, Gyýanlydaky polimer zawodyndan polietilen we polipropilen, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan nebit koksy deňiz portundan Türkiýä, Russiýa, Rumyniýa we beýleki ýurtlara yzygiderli ugradylýar. Türkmenbaşy portunyň işe girizilmegi bilen Türkmenistan bu ugurda birnäçe konwensiýalara goşuldy, olaryň arasynda nebit dökülip deňziň hapalanmagynyň zyýany üçin zyýany üçin raýat jogapkärçiligi, gämileriň hapalanmagynyň we deňizde gämileriň çakyşmagynyň öňüni almak boýunça halkara konwensiýalary bar. Türkmenbaşynyň täze Halkara porty halkara derejesindäki şahadatnamalaryň we baýraklaryň birnäçesi bilen ýokary baha mynasyp boldy. “PricewaterhouseCoopers” Halkara maslahat beriş kompaniýasy, Germaniýanyň “Gamburger Hafen und Logistik AG” (HHLA) logistika ulag kompaniýasy we Gollandiýanyň “Zeeland Seaports” firmasy ýörite şahadatnamalary gowşurdy. Şeýle hem port daşky gurşawy goramaga goşan goşandy üçin Maks Plank ornitologiýa institutynyň (Germaniýa) we Wena uniwersitetiniň ýörite baýraklaryna mynasyp boldy.Şeýle hem, Türkmenbaşy Halkara porty deňiz derejesinden pes iň uly port hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ondan başga-da ýaňy ýakynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen ÝHHG-synyň Baş sekretary tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna “EcoPorts” derejesiniň berlendigi hakyndaky güwänama gowşuryldy. Hazaryň Halkara porty deňizde multimodal ulag ulgamynyň emele gelmegini häsiýetlendirýär. Häzirki wagtda bu diňe bir deňiz ulaglary üçin däl, eýsem ulaglaryň beýleki görnüşleri üçin hem uly mümkinçilikler döredýär. Ýurdumyzyň halkara abraýynyň berkemegi ugrunda alyp barýan irginsiz zähmetleri üçin Hormatly Prezidentimize we Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza özümiziň çäksiz sagbolsunymyzy aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň we Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli ähli döwletli başlangyçlary rowana ýollarda elmydama rowaçlyklara beslensin.

Maksat Meredow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy