Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygy

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilip, şondan bäri hem köp ýurtlarda bellenilýär. Ol dünýä jemgyýetçiligini häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Munuň özi her-bir adamyň, ýaşaýan dünýämiziň ekologik ýagdaýy üçin jogapkärçiligi, tebigata aýawly garamagyň zerurdygy barada pikirlenmäge, şeýle hem geljekki nesilleriň bähbidine onuň gözelligini we baýlyklaryny gorap saklamak işine gatnaşmaga mümkinçilikdir. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe giň gerimde bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy bilen baglanşyklylykda hem wajypdyr. Tebigaty goramak ulgamynda derwaýys meseleleri çözmekde, Merkezi Aziýa sebitinde bolşy ýaly, tutuş dünýäde ekologik maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmek bu strategiýanyň ähmiýetli ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak babatynda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlaryň bu günki gün has-da kämilleşdirilýändigi bellärliklidir. Asuda asmanly Diýarymyzda her ýylda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine hem-de halkymyzyň gözel tebigata bolan söýgüsiniň artmagyna uly itergi berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologik abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. “Uly maksatlary nazarlaýan bu işleriň netijesinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde we welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleri barha giňeýär, Hazar deňziniň tämiz howaly kenarynda döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ildeşlerimiziň we daşary ýurtly myhmanlaryň dynç almagy, bu ýeriň özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Garagumuň jümmüşinde döredilen “Altyn asyr” Türkmen köli Garagum çölüniň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga, şeýle hem tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga oňaýly täsir edýär” diýlip, döwlet Baştutanymyz belläp geçýär. Ýurdumyzda soňky ýyllaryň içinde ekologik abadançylygyny üpjün etmek, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bioköpdürlüligini goramak, ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler hemmetaraplaýyn kämilleşdirilýär. Şeýle hem ählihalk bag ekmek çäreleriniň ähmiýetine uly üns berilýär. Bu asylly işler halkymyzyň durmuşyna berk ornap, ilat tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmek, durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli özgertmeler abadan durmuşyň aýrylmaz bölegi bolan ekologiýa bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Ýurdumyz bu özgertmeleri amala aşyrmak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär, ilkinji nobatda bolsa, bu ulgamy kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny kemala getirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy munuň aýdyň subutnamasy bolup, oňa laýyklykda, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanylmagyna hem-de daşky gurşawyň goralmagyna döwlet tarapyndan gözegçilik amala aşyrylýar. Döwletimiz bu möhüm ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň gatnaşyjysy bolmak bilen, daşky gurşawy goramak ulgamynda ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli iş alyp barýar. Häzirki günde Türkmenistan bu ulgamda ekologik konwensiýalaryň, halkara ylalaşyklaryň onlarçasyny tassyklady. Bu netijeli hyzmatdaşlyk özüne täze gatnaşyjylary jemlemek bilen, has-da belent sepgitlere ýetýär. Türkmenistan Döwletimiz Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede ornaşdyran ilkinji ýurtlaryň biri bolup, “2030-njy ýyla çenli Gün tertibini” durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny hem-de özgertmeleri we geljegi uly ösüş maksatnamalaryny işläp düzmekde, amala aşyrmakda Maksatlaryň binýatlaýyn ölçeglerini ulanmak arkaly bu işi yzygiderli esasda alyp barýandygy bellärliklidir. BMG tarapyndan kabul edilen maksatnamalaýyn resminamanyň her bir ugry boýunça döwletimiziň sebitde we tutuş dünýäde oňyn tejribesi bar. Türkmen halkyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Garagum sährasynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy ýaly giň möçberli ekologik taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň diňe biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem uly ähmiýetiniň bardygyny bellemelidiris. Şunuň bilen bir hatarda aýratyn goralýan tebigy çäkleriň milli ulgamyny ösdürmek boýunça hem uly işler amala aşyrylýar. “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasy munuň aýdyň mysalydyr. Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky desgalarda döwrebap “ýaşyl” tehnologiýalaryň ulanylmagy hökmany şert hökmünde çykyş edýär. Bu syýahatçylyk zolagy sebitiň mineral-çig mal, biologik, şypahana we syýahatçylyk kuwwatyndan peýdalanmaga toplumlaýyn hem-de rejeli çemeleşmegiň nusgasy bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzda ylmyň soňky gazananlaryny, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň hasabyna suwdan rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berilýändigi, munuň bolsa, öz gezeginde, ekologik abadançylygy goramak bilen berk baglanyşyklydygy bellemelidiris. Suw pudagynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze suw howdanlary, beýleki gidrotehniki desgalar gurlup ulanylmaga berilýär. Bularyň ählisi Türkmen diýarymyzyň bize peşgeş beren tebigy baýlyklaryny, daşky gurşawy aýawly gorap saklap, geljek nesillerimize ýetirilmegi ugrunda edilýän uly işleriň görkezijisidir. Türkmen tebigatynyň, owadan ülkämiziň baýlyklarynyň, bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşynyň goralyp saklanmagyna uly üns berýän, Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan il bähbitli döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Merdan Nowruzow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary