Häzirki ajaýyp döwrümizde sagdyn durmuş ýörelgeleri ösdürilýär, ýaşlar sporta, bedenterbiýä işjeň gatnaşýar. Ynha, her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek asylly däbe öwrüldi. Bu senäniň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylandygyny, bu wakanyň ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerini kemala getirýän döwlet hökmünde halkara derejesinde döredijilik we parahatçylyk dörediji kuwwatyny ýene bir gezek äşgär edendigini bellemek ýakymlydyr. Has takygy, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen degişli Kararnama kabul edildi. Şol günden başlap bütindünýä boýunça bu halkara baýramçylyk giň gerimde bellenilip geçilýär. Sagdynlyk ýörelgelerine eýerýän ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegi asylly ýörelgeleriň rowaçlanmagyna, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklaryna giň mümkinçilikleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa ynsan saglygynyň ileri tutulýandygyny, ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli bolup kemala gelýändigini görkezýär. Indi, her ýylyň 3-nji iýunynda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesiniň welosipedli ýörişi gurnalýar. Welosiped ekologiýa taýdan arassa, adamyň saglygyna täsirli bolmagy bu ulagyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Munuň ýurdumyz boýunça hem ýokary netijeli görkezijilere eýedigini aýdyp bileris. Çünki häzirki wagtda welosiped, şonuň bilen baglylykda welosport ýurdumyzda dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň, aýratyn hem, ýaşlaryň söýgüli güýmenjesine öwrüldi. Bu gün gözel paýtagtymyzyň nurana ýollarynda awtoulaglar bilen bilelikde welosiped sürýänleriniň sanynyň hem barha artýandygyny synlamak bolýar. Aşgabadyň seýilgählerinde ýörite welosiped zolaklary hem döredilýär. Belli baýramçylyk dabaralary mynasybetli hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ýolbaşçylygynda ýörite guralýan welosipedli ýörişlere talyp ýaşlar we köpsanly ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Bütindünýä welosiped gününiň, şeýle-de welosipediň ýurdumyzyň täze taryhynda aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda ýurdumyzyň bu ugurda gazanan üstünlikleriniň mynasyp orny bardyr. 2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda paýtagtymyzdaky köpugurly «Aşgabat» stadionynda welosport boýunça köpçülikleýin türgenleşik geçirilip, ol Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan welosport boýunça dünýäde guralan iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy hökmünde hasaba alyndy. 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedliniň iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýörişi geçirilip, täze dünýä rekordy goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bütindünýä welosiped güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şol gün ýurdumyzyň ähli künjegi bilen birlikde, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem guralýan sport çärelerine agzybirlikde, uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň görkezýän şahsy göreldeleri biziň her birimiz üçin nusgalykdyr. Türkmenistany sportyň we sagdynlygyň mekany hökmünde dünýä tanadan, Türkmenistan watanymyzy bagtyýarlyk ýurduna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ömürleri uzak bolsun, ýurdumyzy mundan beýläkde belent sepgitlere ýetirmekde tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn.
Sultan Atakişiýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri