Ata Watanymyzyň kuwwatly ösüşlerinde halkymyzyň we döwletimiziň Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan dürdäne paýhaslaryna uýup agzybirlikde çekilýän döredijilikli zähmetiniň buýsançly netijesi bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 22-nji maýynda geçiren Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisi taryhy ähmiýeti uludyr. Çünki Alym Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eserinde nygtaýşy ýaly: “Agzybirlik bagtyň gönezligidir. Agzybirlik döwletli bolmagyň ilkinji hem birjik-de ünsden düşürilmesiz kadasydyr. Gojalarymyzyň, mähriban enelerimiziň senaly dilinde hem ilki bilen agzybirlik bilen baş saglygy bar. Agzybir ilimiziň ata-baba ýörelgelerini dowam etdirip, öz döwletli ojaklarynyň, kuwwatly türkmen döwletiniň abraýyna abraý goşýandyklary çäksiz begendirýär”. Agzybir ilimiziň ata-baba ýörelgeleri hakynda söhbet edilende, sahawatlylyk ýörelgelerini täze belentliklere çykaran Gahryman Arkadagymyzyň çuň paýhasly başlangyçlary bilen 2021-nji ýylyň 29-njy martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ynsanperwerligiň dünýä nusgalyk göreldesidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bu guramanyň dünýä ýurtlarynda mätäçlik çekýän çagalara kömek-goldaw bermekde amala aşyrýan işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk syýasatynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň ähmiýetini artdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Çagalary goramagyň halkara gününiň öňýanynda geçirilen Ýaşulular geňeşiniň mejlisiniň hem aýratyn many-mazmuny we ähmiýeti bar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir işiň berk kanunçylyk esaslary bolsa raýatlaryň, şol sanda çagalaryň mizemez hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda alnyp barylýan işler döwletimiziň geljegi bolan çagalarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, Türkmenistan bagtly çagalygyň we ýagşy arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy hökmünde ykrar edildi. Esasy Kanunymyzda beýan edilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýar. Hut şundan ugur alnyp, biziň ýurdumyzda hereket edýän kanunlarda we kanunçylyk namalarynda çaganyň erkin, bagtyýar terbiýe we bilim alyp ulalmaga, şol sanda ýaşlaryň zähmet çekmäge, bilim almaga, beýleki döwlet ýeňilliklerinden peýdalanmaga bolan hukuklary we azatlyklary babatdaky kadalar beýan edilýär. Bu ugurdaky ynsanperwer işler bolsa yzygiderli ösdürilýär. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan we gurulýan häzirki zaman mümkinçilikli şäherler, obalar, ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalar, şol sanda Arkadag şäheriniň gurulmagy hem gurluşygynyň başlanmagyna guramaçylykly taýýarlyk görülýän “Aşgabat-siti” hem türkmenistanly çagalaryň ähli arzuwlarynyň mundan beýläk hem hasyl bolmagynyň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlerdir. Dünýäde adamzat ykbalynyň bagtyýar durmuşlarynyň röwşen bolmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, sahawatly işleri hemişe rowaç bolsun!
Setdar Setdarow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň w.w.ý.ý.