Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde aprel aýynyň 20-ne Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri boýunça täze saýlanan we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary, arçynlar, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, häkimler, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ilki bilen Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylary saýlawlarda gazanan üstünlikleri bilen mähirli gutlady we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täze düzümindäki mejlisiniň işine üstünlik arzuw etdi. Gahryman Arkadagymyz Türkmen halky öz döreden maddy we ruhy gymmatlyklary bilen, dünýä medeniýetiniň ösmegine goşant goşan halkdyr. Taryhda şöhratly ata-babalarymyz tarapyndan köp sanly döwletler gurlupdyr. Döwleti dolandyrmakda onuň gurluşyny kämilleşdirmekde, halky abadan durmuşda ýaşatmakda örän baý tejribeler toplanypdyr. Parahatçylyk, ynsanperwerlik kadalaryna ygrarly, beýik taryhy hem-de medeniýeti döreden ata-babalarymyzyň mukaddes däplerini mynasyp dowam etdirip, dünýäde umumy ykrar edilen demokratik düzgünlere eýerip Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik diýip çykyşynyň başynda belläp geçdi. Häzirki döwürde agzybir türkmen halkynyň halal zähmet çekip watany gülletmek ugrunda tutanýerli işleri alyp barýandygyny nygtap, halkymyzyň her bir raýatynyň hukuk taýdan goraglydygy, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip berk bedenli bolmaklary üçin we howandarlyga mätäç çagalaryň hem köpüsiniň saglygynyň dikeldilendigini we bu işleri geljekde-de dowam etdirip olaryň saglygy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini Gahryman Arkadagymyz buýsanç bilen belledi. Şeýle-de Mejlisiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Mejlisine we Ministrler Kabinetine, welaýatlaryň häkimliklerine ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, Geňeşleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda öz üstüne ýüklenen ygtyýarlyklaryny talabalaýyk ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek maksady bilen birnäçe wezipeler tabşyrdy.Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil bilim almagy, halkymyza, Watanymyza gerekli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda dürli tebigy baýlyklaryň, çig mal serişdeleriniň örän uly gorlary bolup, olary halkymyzyň hyzmatyna, bähbitlerine gönükdirmekde, we baýlyklary gorap saklap ony geljekki nesillerimize ýetirmekde ýaşlaryň hem irginsiz zähmet çekmelidiklerini belledi. Mundan başgada Gahryman Arkadagymyz telekeçiligi goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek, täze önümçilikleri we iş orunlaryny döretmek, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek ýaly çäreler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini nygtap geçdi. Döwletli döwranymyzyň, baky bagtyýarlygymyzyň baş sakasynda durýan halkymyz hakynda ägirt uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Tuwakgylyç Weliýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.