Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BAŞ KANUNYM—BUÝSANJYM, PARLA MERTEBE TUGUM!

Konstitusiýa bilen Baýdak her bir ýurduň garaşsyzlygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddesliklerdir. Berkarar döwletimizde her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi bu iki mukaddeslige goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Munuň özi ata Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň agzybirligini we bitewüligini alamatlandyrýan şanly senedir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap eziz Diýarymyzda goşa toý toýlanýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde, ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşy alynýar. Bu iki mukaddeslik biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki her bir döwletde iň ýokary hukuk güýjüne, abraýyna mynasyp bolýan Konstitusiýa—Esasy Kanunymyz döwletiň içerki gurluşyny, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny, şeýle hem döwlet häkimiýet we dolandyryş ulgamyny berkidýän bolsa, Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny hem-de Bitaraplygyny kesgitleýän esasy döwlet nyşanlarynyň biri bolup, ol milletimiziň agzybirligini, mertebesini, Watanymyzyň buýsanjyny, baý taryhyny, bagtyýar şu gününi alamatlandyrýar. Döwletliligiň, milli jemgyýetimiziň mazmunynyň we gurluşynyň, ähli hereketleriniň hem-de meýilleriniň hukuk esaslaryny kesgitleýän, ykrar edýän Konstitusiýamyzyň halkyň durmuşyndaky, aňyndaky ornuny, ähmiýetini döwür has aýdyň ýüze çykardy. Halkyň paýhasyny, geljege ymtylyşlaryny ýüze çykarmagyň, goldamagyň, kanunlar bilen berkitmegiň esasy delili bolan Konstitusiýamyz ýurdy ösdürmegiň taryhy ýollaryny salgy berýän baş ýörelgämiz bolsa, Döwlet baýdagymyz hemme ugurlarda üstünliklere, ýeňişlere galkyndyrýan köňül buýsanjymyzdyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň berkararlyk ýolunda halkymyzyň öz döredijilik güýjüne, millet hökmündäki ruhy kuwwatyna doly göz ýetirmegi, dünýä halklarynyň arasyndaky mynasyp ornuna eýe bolmagy baradaky taryhy wezipe esasy Konstitusiýamyzyň her babynda, her bir setirinde öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň özgertmeler syýasatynyň her tapgyrynyň aýratynlyklaryna Konstitusiýamyzyň täzelenen, kämilleşdirilen baplarynda aýdyň göz ýetirip bolýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Konstitusion özgertmeler Türkmen döwletiniň milli hukuk binýadyna umumy ykrar edilen halkara hukugynyň esasy ýörelgelerini ornaşdyrmaga ýol açdy. Bu bolsa demokratik, hukuk döwleti hökmünde we durmuş-ykdysady ösüşlere mümkinçiligi örän uly bolan ýurt derejesinde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegini şertlendirýän esasy ýagdaýlaryň biridir. Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, halkymyzyň milli ýol-ýörelgelerine esaslanýan täze kanunlaryň kabul edilmegi döwrebap kanunçylyk-hukuk namalarymyzyň binýadyny berkitmäge uly badalga berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasyndaky taryhy çykyşynda: «Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar» diýip bellemegi döwletimizde amala aşyrylýan ähli başlangyçlaryň özeninde halk we umumadamzat bähbitleriniň göz öňünde tutulýandygynyň subutnamasydyr. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan tapgyrlaýyn ösdürmegi hukuk taýdan üpjün etmekde konstitusion özgertmeleriň ähmiýeti örän uludyr. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Esasy Kanunymyzdaky bu kesgitleme ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini has çuňlaşdyrmagyň hukuk binýady bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzda telekeçiligi we hususy işewürligi milli ykdysadyýetimiziň esasy daýançlarynyň birine öwürmekde aýgytly çäreler durmuşa geçirilýär. Konstitusion özgertmelere laýyklykda bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaklyga gönükdirilen ençeme Kanunlar, maksatnamalar kabul edildi. Olaryň hatarynda “Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem-de “Türkme¬nis¬ta¬nyň Pre¬zi-den¬ti¬niň ýur¬du¬my¬zy 2022—2028-nji ýyl¬lar¬da dur¬muş-yk¬dy¬sa¬dy taý¬dan ös¬dür-me¬giň Mak¬sat¬na¬ma¬syn¬da” ýurdumyzyň telekeçilerine ägirt uly ösüş Maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşmaga, hyzmatlar ulgamynda, oba hojalygynda, täze senagat düzümlerini döretmekde we beýleki pudaklarda öz işlerini giňeltmäge şert döretdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Esasy Kanunymyzyň taryhy ähmiýeti, many-mazmuny has-da artýar. Ajaýyp zamanamyzyň eşretli günlerinden ruhlanýan halkymyz häzirki döwürde özleriniň halal, döredijilikli zähmetleri, eziz Diýarymyza bolan söýgüsi bilen Esasy Kanunymyzyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagymyzyň döredilmeginiň 31 ýyllygyny şöhratlandyrýarlar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de Döwlet baýdagy türkmen halkynyň buýsanjydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ösüş maksatnamalaryň hukuk esasy bolan Konstitusiýamyz we Kanunlarymyz halkymyzyň has belent derejeli ýaşaýşa ýetmek, nesilleriniň ygtybarly geljegi, asuda ösüşli durmuşyň baky dowam etmegi baradaky arzuw-islegleriniň hasyl bolmagynyň, Döwlet baýdagymyzyň ýaşaýşyň şuglasy, bagtyýar türkmen halkynyň mertebesi bolup, ýer ýüzünde hemişe parlap durmagynyň kepilidir. Konstitusiýamyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň şanyna döwlet derejesinde geçirilýän toý-baýramlar berkarar Türkmen döwletiniň dünýäde ykrar edilen ösüş ýolunyň dabaralanmasydyr. Döwlet bilen halkyň jebisliginiň ykrarnamasydyr. Döwrüň, taryhyň synagyndan geçen berkararlyk ýolumyz gelejegiň belentliklerini nazarlaýan okgunly ösüşlerimiz, gazanýan ähli üstünliklerimiz üçin biz Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden tükeniksiz alkyş aýdýarys. Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarmyzyň belent başlary aman, röwşen ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik, taryhy işleri hemişe rowaç bolsun! Ýaşyl tugumyz parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň hem-de rowaçlygyň nyşany bolup, Ýer ýüzünde elmydama belentde parlap dursun!

Aýna Saryýewa, TSTP-nyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary