Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Ekologiýa abadançylygy— Eşretli durmuş



 

       Eziz Diýarymyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözel- ligini we baýlygyny geljek nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygynyň bähbidine toplumlaýyn Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Senagat düzüminiň, ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň has giňelmegi, şäherleriň hem-de täze ilatly ýerleriň ýokary depginlerde ösmegi bilen baglylykda, ýaşyl zolaklaryň hatary hem köpelýär. Mähriban Arkadagymyz adamlaryň saglygyny goramagyň, ýaşaýyş-durmuşy we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu giň gerimli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem baglary köpeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýerleşýän milli syýahatçy-yk zolagy halkymyzyň hakyky buýsanjy, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we myhmansöýerlik däplerini mynasyp ösdürmegiň aýdyň beýany bolup durýar. Ajaýyp myhmanhanalar, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri, kottej we seýilgäh dynç alyş toplumlary bu ýerde hyzmatyň ýokary derejesini üpjün edýärler.

Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy we goldawy bilen durmuşa geçirilýän, möçberi boýunça deňi-taýy bolmadyk, durmuş-ykdysady taýdan ägirt uly ähmiýete eýe bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmegiň innowasion nusgasyna öwrüldi. Ol syýahatçylygyň okgunly ösdürilmeginiň başyny başlap, berkarar döwletimiziň has-da rowaçlanmagyny şertlendirýän ugurlary özüne birleşdirdi. Munuň özi baý tebigy serişdelerini, syýahatçylyk mümkinçiliklerini hem-de ýurdumyzyň amatly ulag-üstaşyr ýagdaýyny toplumlaýyn ulanmak, şonuň esasynda milli ykdysadyýeti
 has-da ösdürmek, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşyklydyr.

Hazar—dost-doganlygyň deňzi. Onuň ekologiýa taýdan arassalygyny, biologik köpdürlüligini gorap saklamak, köpeltmek hem-de geljekki nesillere miras galdyrmak borjumyzdyr. Ýurdumyzda ekologiýa aba- dançylygy ugrunda ajaýyp işleri yzygiderli amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt, dünýä ähmiýetli beýik başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 


 

TSTP-niň Balkan welaýat komitetiniň hasabatçysy - Aýsoltan Gurbanowa