Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYKLY SYÝASATY WE EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASY ROWAÇLANÝAR

Häzirki zaman geosyýasy şertlerinde Türkmenistan halkara giňişliginde yzygiderli, oýlanyşykly we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasaty üstünlikli alyp barýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň we ekologiýa diplomatiýasynyň esasy maksady dünýäde we sebitde parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy berkitmekden, şeýle hem bütindünýä ekologik wezipeleri çözmekde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakdan ybaratdyr. Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde bolup geçen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitinde hem-de Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda geçirilen BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe süren sebitara we umumadamzat bähbitli başlangyçlar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan durnukly ösüşiň diňe bir ykdysady ýa-da ekologik däl, eýsem, berk hukuk kadalaryna esaslanmalydygyny yzygiderli öňe sürýär. Şonuň netijesinde, ýurdumyz halkara hukugynyň binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» we 2027 — 2037-nji ýyllary BMG-niň «Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy» diýip yglan etmek baradaky wajyp halkara teklipler bilen çykyş edýär. Şu günüň geosyýasy şertlerinde parahatçylykly dialog medeniýetini amala aşyrmakda we gaýtadan dikeltmekde ösüp gelýän nesliň döredijilik kuwwatyna aýratyn uly orun berilýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan ýaşlar diplomatiýasyny düýpli ösdürmegi hem-de parahatçylygy, özara hormat goýmagy ilerletjek işjeň we zehinli ýaşlardan ybarat bolan Ynanyşmagyň ýaş ilçileriniň toruny döretmegi maksat edinýär.

Mundan başga-da, döwrebap tehnologik we sanly innowasiýalaryň ösýän zamanasynda kiberhowpsuzlygy we emeli aňyň mümkinçiliklerini parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak derwaýys wezipeleriň biri hökmünde ýüze çykýar. Halkara giňişliginde emeli aňyň mümkinçiliklerini parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksini işläp taýýarlamak baradaky innowasion başlangyç hem Türkmenistanyň bu ugurdaky wezipelere ählumumy derejede çemeleşýändigini tassyklaýar.

Ekologiýa howpsuzlygy üpjün etmek we howanyň üýtgemegine garşy ählumumy göreşe goşant goşmak Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň aýrylmaz bölegidir. Ýurdumyz bütin dünýäde howanyň maýlamagynyň täsirlerini peseltmek, çölleşmä we gurakçylyga garşy netijeli göreşmek hem-de suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça sebitara tejribe alyşmak üçin köptaraplaýyn platformany — Aşgabat howa dialogyny döretmegi teklip etdi. Şeýle hem sebit bähbitlerini göz öňünde tutup, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça Sebit merkezini guramak ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

Milli derejede ekologik durnuklylygy gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin biodürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasy we Hereketleriň meýilnamasy yzygiderli durmuşa geçirilýär. Halkara guramalar, aýratyn-da BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) hem-de ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Garagum sährasynyň, Köpetdagyň, Köýtendagyň tebigy gurşawyny we Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak boýunça uly taslamalar amala aşyrylýar. Bütindünýä mirasynyň «Aram guşaklygynyň Turan çölleri» transmilli obýektiniň düzümine Türkmenistanyň tebigy çäkleriniň girizilmegi halkara ekologiýa diplomatiýasynyň uly üstünligidir. Ýurdumyzda hereket edýän tebigy goraghanalaryň we çäkli goraghanalaryň çäklerinde ýitip gitmek howpy abanýan ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň sanyny dikeltmek işleri ylmy esasda alnyp barylýar.

Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüş meýilnamalary we senagat strategiýasy ekologik talaplar bilen berk utgaşdyrylýar. Täze gurulýan islendik senagat, nebitgaz, himiýa we gurluşyk desgalarynyň dünýäniň iň döwrebap ekologiýa standartlaryna we kadalaryna laýyk getirilmegi döwlet derejesinde esasy şert hökmünde kesgitlenilýär. Ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge, «ýaşyl» innowasiýalary önümçilik işine ornaşdyrmaga hem-de galyndysyz ykdysadyýet nusgasyna geçmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa önümçilikde emele gelýän uglerod galyndylarynyň we kömürturşy gazynyň möçberini azaltmaga, atmosfera goýberilýän zyýanly serişdeleri peseltmäge kömek edýär. Şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini (Gün we ýel energiýasy) ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna tapgyrlaýyn ornaşdyrmak boýunça konsepsiýalar işlenip düzülýär we durmuşa geçirilýär.

«Ýaşyl» ykdysadyýete geçmek we daşky gurшawy goramak prosesinde diňe bir döwlet edaralary däl, eýsem, hususy pudak — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem aýratyn işjeňlik görkezýärler. Döwlet tarapyndan döredilýän amatly maýa goýum gurşawy hususy pudagyň ekologik innowasiýalara maýa goýmagyna giň ýol açýar. Ýurdumyzda hereket edýän hususy kärhanalar kagyz, plastik, aýna, polietilen we könelen awtoulag tekerlerini ýygnamak we gaýtadan işlemek boýunça häzirki zaman önümçilik kuwwatlyklaryny döretdiler. Olar galyndylardan täze durmuş harytlaryny, gurluşyk serişdelerini we gaplama önümlerini öndürip, ýurduň çäklerinde galyndysyz ykdysadyýet ýörelgeleriniň kemala gelmegine uly goşant goşýarlar.

Hususy pudak tarapyndan gurlan senagat desgalarynda, ýyladyşhana toplumlarynda we ýaşaýşyň amatly şertlerini üpjün edýän binalarda energiýa tygşytlaýjy yşyklandyryş we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary giňden ulanylýar. Oba hojalygynda we bagçylykda telekeçiler suw serişdelerini tygşytlamak maksady bilen, damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny işjeň ulanýarlar. Ýurdumyzyň hususy telekeçileri öndürýän önümleriniň we hyzmatlarynyň hilini halkara ekologiýa kadalaryna, mysal üçin, ISO 14001 Daşky gurşawy dolandyryş ulgamyna laýyk getirmäge çalşyp, önümçilikde ekologiýa taýdan arassa çykarylyş usullaryny ulanýarlar. Bu bolsa hususy pudagyň ekologik jogapkärçiligini görkezmek bilen birlikde, türkmen harytlarynyň halkara bazarlardaky bäsdeşlige ukyplylygyny hem ýokarlandyrýar.

Türkmenistanyň daşary syýasat we ekologiýa strategiýasy sebit we bütindünýä derejede durnukly hem-de parahat geljegi gurmagy maksat edinýär. Bu uly wezipede döwlet goldawynyň hem-de hususy pudagyň innowasion kuwwatynyň utgaşykly hereket etmegi ýurdumyzyň durnukly ösüş maksatlaryna we «ýaşyl» ykdysadyýete geçiş prosesine üstünlikli ýetmegini şertlendirýän esasy güýç bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiligine we Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasaty esasynda asylly ýörelgeleriň rowaçlanýan zamanasynda ýaşamak we zähmet çekmek bagtdyr. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda jemgyýetimiziň jebisligi, eziz Watanymyzyň ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy dowamat-dowam bolsun!

Guwanç AKMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary