Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

MILLI DEMOKRATIÝANYŇ NUSGASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler döwletiň durmuş-ykdysady ösüşine we türkmen jemgyýetiniň demokratik hem-de hukuk esaslaryny berkitmäge gönükdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen hukuk ulgamynda uly özgertmeler amal edilip, milli kanunçylygymyz halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna we döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýär. 

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda, 11-nji ýanwarda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynda belleýşi ýaly, ata Watanymyz öz Garaşsyzlygyny alan gününden bäri ýurdumyzda döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamy hem döwre görä yzygiderli kämilleşdirilip gelinýär. Bu işler şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti berkarar etmekde we dolandyrmakda toplan baý tejribesi, öňdebaryjy dünýä döwletleriniň şu ugurda gazanan üstünlikleri göz öňünde tutulyp amala aşyrylýar. Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly meseleler hakynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki Kararynyň kabul edilmegi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion toparyň döredilmegi we onuň düzüminiň tassyklanmagy ähli halkymyzda, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň arasynda hem uly goldaw tapýar. 

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda ýokary derejede geçiriler. 

Ýurdumyzyň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetiň demokratik esaslaryny, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda milli parlamentiň wekillerine, olaryň alyp barýan işlerine möhüm orun degişlidir. Häzirki döwürde Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde öňde durýan wezipeleriň amal edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. 

Hormatly Arkadagymyz häzirki döwrüň ösüşiň zamanasydygyny, durmuşyň bir ýerde durmaýandygyny, yzygiderli ösüp-özgerýändigini belläp, onuň täze kadalardyr ýörelgeler bilen baýlaşýandygyna we öňki garaýyşlaryň üýtgäp, başga many-mazmuna eýe bolýandygyna ünsi çekýär. Şoňa laýyklykda, jemgyýetiň esas goýujy hukuk binýady hem hemişe kämilleşdirilip durulýar. Netijede, onuň milli aýratynlyklara, döwletiň ösüş derejesine, halkyň islegine laýyk gelýän kämil görnüşi emele gelýär. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda Halk Maslahatynyň geçen mejlislerinde ençeme döwletli çözgütler, şol sanda ýurdumyzda telekeçiligi, bazar ykdysadyýetini ösdürmäge degişli Kararlar kabul edildi. Ykdysadyýetiň örän möhüm pudaklaryny döwrebap ýagdaýa getirmek, aýratyn-da, oba hojalygyny düýpli özgertmek boýunça işlere giň gerim berildi. Oba hojalygyny dolandyrmagy kämilleşdirmek hem-de düzümini özgertmek, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak, daşky gurşawy goramak maksady bilen, düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Iň gowy dünýä tejribesini, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly obasenagat toplumynyň önümçilik düzümleriniň işi üýtgedilip guraldy. Bu ugurda daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we hususy telekeçileriň zerur tehnikalar, dökün we tohum bilen doly üpjün edilýändigini, ýerlerde täze iş orunlarynyň döredilýändigini, içerki bazaryň dürli görnüşli, ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün edilýändigini aýratyn bellemek gerek. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary hem Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we oňa giň ygtyýarlyklaryň, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, konstitusion kanunlary kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamaga hem-de makullamaga ygtyýarlygyň berilmegi bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işi bes edilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Milli Geňeşi (parlament) bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin» diýen başlangyjyny hem-de täzeden dörediljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümi we ygtyýarlyklary hakynda aýdanlaryny doly goldaýarlar. Halk Maslahatynyň Diwanynyň döredilmegi we onuň bu ýokary wekilçilikli edaranyň wezipeli adamlarynyň hem-de agzalarynyň işini guramaçylyk we tehniki taýdan üpjün etmegi, şeýle hem onuň welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmegi baradaky teklipler uly seslenme döredýär. 

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary esasynda şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlary bolsa ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerime eýe bolan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramakda uly ähmiýete eýe bolar. 

Şeýle beýik özgertmeleriň döwründe döwletimizi hem-de halkymyzy täze belentliklere tarap öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.