Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET GARAŞSYZLYGY-ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Garaşsyzlyk döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr. Döretmäge we gurmaga güýç-kuwwat berýän hem-de milletimizi beýik maksatlara birleşdirýän mukaddes düşünjedir. Şo­ňa görä-de, Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramyny şanly wakalar, ajaýyp üstünlikler bilen uludan toýlap, möhüm wakalar bilen şöhratlandyrýarys.

Ga­raş­syz­lyk! Munuň gymmatyny hiç zat bilen ölçär ýaly däl. Meger, doly manysyny di­ňe onuň özi bilen aň­ladyp bolar. Döwletlilik, erkinlik, bagtly durmuş, milli mertebe, dünýä dolmak... — bularyň ählisiniň esasynda Garaşsyzlygymyz durandyr. Öz ýolumyz bilen gitmek, öz döredijilik kuwwatymyzy ösdürmek, öz pikir-garaýyşlarymyzy dünýä çykarmak... — bularyň ählisiniň esasynda Garaşsyzlygymyz durandyr. Şonuň üçin biz oňa “mukaddes” diýýäris. Mukaddes Garaşsyzlygymyz ähli mukaddesliklerimiziň ýaşamagy we ösmegi üçin esasdyr. Diýmek, Garaşsyzlyk gudratlaryň gudratydyr, keramatlaryň keramatydyr. Onuň çuň­lugy hem belentligi älem-jahanyň ähli çuň­luklaryna hem belentliklerine deň­dir. Ähmiýeti boýunça ol iň ýokarydyr, iň gymmatlydyr, iň ezizdir, iň arzylydyr. Ol biziň özümize hem ýurdumyza deň­dir, janymyza hem hanymanymyza deň­dir, mertebämize hem şanymyza deň­dir. Öz halkyny-ýurduny söýýän, öz mertebesini saklamagy başarýan, öz ykbalyny şu gözýetmez gi­ňişlikde, şu belentlikde görýän ynsanlar üçin hut şeýledir! 

Garaşsyz halkyň güýç-kuwwatynyň berkarar döwletinde jemlenmegi! Munuň niçik derejededigi döwlet daragtynyň kökleriniň berkliginde, onuň saýasyndaky durmuşyň rahatlygynda, joşgunlylygynda görünýär. Milletiň pähim-parasadynyň berkarar döwletiniň adyndan dünýä ýaýylmagynda görünýär. Millet öz döwletine daýanyp, öz mertebesini goraýar. Millet öz döwletini beýgeldip, öz geljegini gurýar. Milli döwlet — milletiň birleşen güýji, bitewüleşen parasady. Milli döwlet — milletiň asyrlara uzaýan ömri, hemişe barlygy, diriligi. Ine, şunuň bilen milletimize hemişe rowaçlyklar ýardyr. Hormatly Prezidentimiz bolsa milletiň zehininiň, akyl parasadynyň gaýmagydyr. Ol öz halkynyň bütin başarnygyny birleşdirip, bitewüleşdirip, ýurdy dolandyrýar. Şeýdip, ähli çylşyrymly, uly wezipelere abraý bilen hötde gelinýär. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan müň­ýyllygy Gahryman arkadagymyzyň baş şygary bolan “Döwlet adam üçindir!” diýen beýik ýörelge bilen başlady. Hormatly Prezidentimiziň peder göreldesini dowam etdirmeginde  parasady bilen amala aşyrylýan taryhy özgertmeler di­ňe ýurdumyzy däl, ýer ýüzüni bezeýär. Türkmenistan müň­ýyllygyň “kitabyna” ösüş arkaly parahatçylyk gazanmagyň altyn sahypalaryny ýazýar. Dünýä bileleşiginiň belent münberlerinden Arkadagly Serdarymyzyň abadançylyk, hyzmatdaşlyk, ösüş baradaky beýik başlangyçlary öňe sürülýär. Ol başlangyçlary dünýä bileleşigi doly goldaýar, olar boýunça anyk işlere badalgalar berilýär. Bu ýurdumyzyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolundaky hemmelere nusgalyk işlerinden habar berýär. Türkmenistan dünýä üçin Aziýanyň merkezinde tylla ýüzügiň göwher gaşy bolup lowurdaýar. Biziň ýurdumyzda bir günüň wakasy aý-ýyllara nur berýär. Döwrümiz müň­ýyllygyň ýakyn hem alys gi­ňişliklerini ýagtyldýar diýsek, munuň özi Hormatly Prezidentimiziň parasadyndan kemal tapýan taryhy işleriň gymmatynyň asyrlara uzaýandygy baradaky hakykaty dile getirdigimizdir. 

Milletiň ýaşamagy, öňe gitmegi üçin möhüm şert şundan ybaratdyr: taryhy tejribäniň ýitirilmezligi, döwre görä ösdürilmegi, synmaz güýje öwrülmegi zerur. Şu ýerden milli döwletliligiň ähmiýeti aýdyň görünýändir. Milli mertebäni hakyky manysynda di­ňe döwletlilik bilen saklap, beýgeldip bolar. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň taryhy tejribesinden, milli ýörelgesinden iň­ňän netijeli peýdalanmagyň hötdesinden gelýär. Şeýdip, milletimizi hem döwletimizi beýgeldýär. Eziz Türkmenistanymyzy arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna, bagtyýarlygyň mekanyna öwürýär. Dünýä üçin abadançylyk hem ösüş ýollaryny gurýar. Türkmenistan — ösen dünýäniň iň gymmatly baýlyklaryny özüne kabul edip almagy başarýan ýurt. Şonuň bilen birlikde, edil uzak geçmişlerde bolşy ýaly, bu günki türkmen döwleti dünýäniň ösüşlerine öz ykdysady hem ruhy täsirini ýetirýär, adamzat üçin abadançylykly ýaşaýşyň iň­ňän ýokary nusgasyny berýär. 

Türkmenistan senagat ýurduna, ösen ykdysadyýetli ýurda öwrülýär. Ýokary tehnologiýaly, industrial ýurda öwrülýär. Ýurdumyzda oba hojalygy, oba senagaty ösdürilýär. Telekeçilik ösdürilýär. Bazar gatnaşyklaryna barha çuň­ňur aralaşylýar. Ýollar, binalar, desgalar gurulýar. Täze obalar, şäherler, şäherçeler peýda bolýar. Ýene näçe aýtsaň aýdybermeli: asudalygyň hem rahatlygyň ýurdy, dostlugyň hem hyzmatdaşlygyň ýurdy, sagdynlygyň hem ruhubelentligiň ýurdy, syýahatçylygyň hem dynç alşyň ýurdy, ylym-bilimiň, medeniýetiň hem sungatyň ýurdy... Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan, ine, şeýle ýurt! Halkymyz bagtyň, eşretiň gujagynda ýaşaýar. Döwletliligimizi mizemez etmek üçin bitirilýän işleri “sanasaň, sogaby bar”.

 Özümizi tanadygymyzça we özgeleri tanadygymyzça, döwrümiziň nähili beýik döwürdigine has gowy göz ýetirýäris. Öz ýurdumyza eýelik etmegiň, ony gülletmegiň tejribelerine hernäçe köp eýe boldugymyzça, öz bagtymyzyň nämelerdedigine has gowy düşünýäris. 

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen işlenilip düzülen maksatnamalaryň amala aşyrylmagy — biziň rowaçlyga beslenen durmuşymyz. Döwlet bilen halkyň arasyndaky gatnaşyklar, jemgyýetçilik gatnaşyklary, ykdysady gatnaşyklar... — bular juda köp zady öz içine alýar. Şonuň bilen birlikde, türkmenistanlylaryň aň-düşünjesi-de özgerýär. Durmuş-ykdysady özgerişler bilen birlikde, ruhy özgerişler bolup geçýär. Biri-birimize, ilimize-günümize, ýerimize-ýurdumyza dünýä bolan garaýyşlarymyzda oňyn täzeleniş bolup geçýär. Bu gün türkmen gurujy, dörediji, özgerdiji, adalatlylygy, abadançylygy berkarar ediji halk hökmünde gaýtadan dünýä dolýar. 

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 3l ýyllygynyň baýramçylyk ruhy bilen joşýan günlerimizde öz bagtymyz, öz buýsanjymyz barada söhbet etmek, gör, nähili ýakymly! Bu döwür — Hormatly Prezidentimiziň ady bilen şöhratlanýan döwür. Şu güne bagtyýarlyk eçilýän, geljegiň röwşen ýoluny görkezýän döwür. Biziň her birimiz mu­ňa buýsanmaga doly haklydyrys. 

Hormatly Prezidentimize baştutanlygynda Garaşsyzlygymyzyň röwşen ýolunda abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öne barýan Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün, eziz Diýarymyzyň at-abraýy has-da belende galsyn!

Aýna SARYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary