Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

ÝAŞLAR — ÝURDUŇ DAÝANJY

Bu gün Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy döredildi. Şoňa laýyklykda, ýaş maşgalalary goldamak, ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň ylym-bilim öwrenmekleri, medeniýetli dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli telekeçilik işine çekmekde we bu ugurda olara ýakyn goldaw bermekde uly işler amala aşyrylýar. Üstümizdäki ýylda hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde telekeçilik ugrundan ýokary okuw mekdebiniň düýbüniň tutulmagyda munuň aýdyň mysalydyr. Mundan başga-da, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynalaýyklykda, ýaşlaryň telekeçiliginiň hukuk ýagdaýyny we netijeli işlemegini kadalaşdyrýan hukuk binýadyny kämilleşdirmek, olary telekeçilik işine giňden çekmek üçin höweslendiriş ulgamyny ösdürmek hem-de bu çäreleriň durmuşa geçirilişine parlament gözegçiligini has-da güýçlendirmek meselelerinde-de zerur çäreler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, häzirki wagtda uly ähmiýete eýe bolan ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Demokratik döwletimiziň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen birlikde, ýaşlaryň arasynda geçirilýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny öňe sürýän döwlet Baştutanymyz bu babatda ähli tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda: «Biz ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyzy kabul edilen we hereket edýän milli kanunçylyknamalary hem-de ýaşlara niýetlenen ýörite ýörelgeler esasynda durmuşa geçirýäris. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, bagtyýar ýaşlarymyzyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ylmyň iň soňky gazananlaryndan habarly nesli kemala getirmek, telekeçilik işine giňden höweslendirmek, ýaş maşgalalaryň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerinde ýaşamaklary üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär» diýip belledi. Şu ýerde ýurdumyzda amala aşyrylýan ýaşlar syýasatynyň esasy maksadynyň ýaşlarymyzy kämil hünärmenler, ilimize-ýurdumyza gerekli kämil şahsyýetler edip ýetişdirmekden ybaratdygyny-da nygtamalydyrys. Milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň döwlet maksatnamasynyň işjeň durmuşa geçirilmegi, sanly ulgam arkaly ýaşlaryň maliýe sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagy bu ugurda edilýän tagallalaryň nyşanydyr. Häzirki wagtda raýatlaryň, ylaýta-da, ýaş nesliň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak meselesi köp döwletleriň üns merkezinde saklanýar. Bu ugurda ýaşlara aýratyn ähmiýetiň berilmegi, olaryň täze bilimleri we endikleri öwrenmäge has ýykgyn edýändikleri bilen bir hatarda, olaryň bu bilimleri uzak möhletiň dowamynda ulanmaga mümkinçilikleriniň bardygy bilen düşündirilýär. Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen orta mekdeplerde ýaşlaryň maliýe sowatlylygyny artdyrmaga gönükdirilen dersleriň girizilmegi bolsa, bu ugurda ädilen uly ädimleriň biridir. Ýurdumyzyň ylym-bilim pudagynyň sanly ulgama toplumlaýyn geçirilmegi ykdysadyýetimizdäki özgertmeleri ylmy-tehniki, intellektual taýdan üpjün etmäge, ylmy-barlaglar we işläp düzmeler üçin täze programma üpjünçiliklerini döretmäge, ylma, inženerçilik-tehnologiýa, telekeçilik işlerine ýaşlary giňden çekmäge ýardam berýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy böleginiň ösmegi ugrunda amala aşyrylýan maksatnamalarda göz öňünde tutulan durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynyň döwlet sargydy esasynda bäsleşik şertlerinde ýerine ýetirilmegine, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegi maliýeleşdirmekde ýörite maksatnamalaryň durmuşa ornaşdyrylmagyna, kiçi we orta telekeçilik üçin hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünärini ýokarlandyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şeýle-de ýurduň eksport kuwwatyny artdyrmaga, importyň ornuny tutýan önümçilikleri döretmäge gönükdirilen işlerde ýaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, has dogrusy, bu işlere olary has işjeň çekmek derwaýys bolmagynda galýar. Soňky ýyllarda hünär bilimi ulgamynyň işewürlik bilen özara gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi bilimiň mazmunyna we uçurymlaryň taýýarlyk derejesine bildirilýän talaplaryň ýokarlanmagyndan gözbaş alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde telekeçilik düzümleriniň orny barha pugtalanýar. Hususan-da, telekeçilik, onda-da ýaşlaryň telekeçilik işleri ýurduň içki mümkinçiliklerini ykdysady ösüşiň hatyrasyna ulanmakda egsilmez güýç bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, onuň ös- megine döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertler häzirki döwrüň möhüm durmuş-ykdysady meselelerini çözmekde işewürligiň özünde uly mümkinçilikleri jemleýändigini görkezýär. Şunuň bilen birlikde, durnukly ösüşi amala aşyrmak ugrunda gyşarnyksyz depgini üpjün etmek üçin ýurtda täze tehnologiýalary, sanly çözgütleri çalt ösdürmekde we ornaşdyrmak-da, telekeçilik gurşawyny düýpli gowulandyrmakda hem-de giňeltmekde, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, gowy hilli institusional gurluşy emele getirmekde, bäsdeşligi ösdürmekde, şeýle-de ykdysadyýete hususy maýany çekmekde, halkara goşulyşmagyň işjeňligini artdyrmakda ýaşlar üçin uly mümkinçilik jemlenýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmakda hem-de durnukly ösdürmekde telekeçileriň düýpli goldanylmagy, bu ugra ýaşlary çekmek bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylmagy onuň binýadynyň berkden tutulýandygyny görkezmek bilen birlikde, ol ýaşlaryň dünýä hojalyk jemgyýetine aralaşmaklaryna-da mümkinçilik berýär. Hususy telekeçilikde ýaşlar syýasatynyň maksadalaýyk ösdürilmegi milli ykdysadyýetiň pudaklaýyn gurluşyna köpugurlylyk häsiýetini çaýýar, dolandyryş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrýar hemde telekeçilik işjeňligini bir ýere jemläp, olary öňde bellenilen durmuş ykdysady wezipeleri çözmek işlerine gönükdirmäge oňyn şert döredýär. Bu bolsa döwlet ösüşiniň geljegi üçin juda derwaýysdyr.

Aýna SARYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň jogapkär işgäri.