Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

«ROWAÇ» AJAÝYP SOWGAT BOLDY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň kenarynda täze döwrebap «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş-şypahana düzüminiň üstüni ýetirip, halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Hormatly Prezidentimiz täze binalar we desgalar gurlanda olaryň maksady we oýlanyşykly ula­nyl­ma­gy, zerur bo­lan ýa­şa­ýyş-dur­muş, in­že­nerçilik-tehniki we ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmeginiň göz öňünde tutulmalydygy hakynda belleýär. Şol esasda täze açylan «Rowaç» kottejler toplumynda hem agzalan zerur şertleriň ählisi hem döredilipdir. Täze gurlan bu desga deňziň ajaýyp kenarynda öňden bar bolan ak mermerli kaşaň myhmanhanalaryň, kottej şäherçeleriniň, sagaldyş merkezleriniň, sport desgalarynyň, dynç alyş seýilgähleriň üstüni ýetirdi. Bularyň hemmesi, şol sanda ulag we in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki dü­züm­le­riň des­ga­la­ryda öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de gurluşyk, binagärlik ulgamlarynda özboluşly çözgütleri peýdalanmak arkaly, täzeçil çemeleşmeleriň esasynda bina edildi. Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda nobatdaky täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi ildeşlerimize «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp, saglyklaryny berkitmäge giň mümkinçilik berer. 

— Gojaman Hazaryň ajaýyp kenarynda gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürleri tarapyndan alnyp baryldy. Ýokary hilli gurluşygy birkemsiz ýerine ýetiren telekeçileriň işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr, çünki hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda telekeçilik işiniň ösmegine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegi, bazar gatnaşyklaryna giň ýol açylmagy hususyýetçileriň sanynyň artyp, olaryň arasyndaky bäsdeşligi has-da güýçlendirýär. Türkmen işewürleri sanlyja ýylyň içinde milli telekeçiligiň ösüşli ýollarynda baý iş tejribe topladylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 2009-njy ýyldan bäri düýpli gurluşyklara gatnaşyp, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna saldamly goşant goşup, döwrebap oba-şäherleri, ýaşaýyş jaýlaryny, köpsanly medeni-durmuş maksatly desgalary ussatlyk bilen gurmagy başarýarlar. Ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hilli bolmagynda hormatly Prezidentimiz taýsyz tagallalary edýär. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy