Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HALK MASLAHATY – BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ TARYHY ÄHMIÝETLI ÄDIMI

Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet ähmiýetli möhüm syýasy çärä – Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu wekilçilikli edara ýurdumyzyň iň ýokary halk häkimiýetini alamatlandyryp, döwlet durmuşyndaky iň aýgytly hem-de strategik çözgütleri kabul etmäge gatnaşýar. Halk Maslahatynyň öňümizdäki mejlisine görülýän taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolup, ol ýurdumyzda durmuşa geçirilýän demokratik ýörelgeleriň dabaralanmasyny aýdyň görkezýär.   

Türkmenistanyň taryhynda hem-de jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda Halk Maslahaty ýurduň iň möhüm döwlet häkimiýet we halkara derejesindäki wekilçilikli edarasy hökmünde wajyp orun eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, halkara başlangyçlar hem-de milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşi Halk Maslahatynyň mejlislerinde öz aýdyň beýanyny tapýar.

2026-njy ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar hem döwrüň talabyna laýyklykda ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ägirt uly ösüşlere, ýetilmedik sepgitlere tarap ynamly gadam urýar.  2026-njy ýyl – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakalara, esasan hem, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy toýlanylýan döwür bilen utgaşyp, döwlet garaşsyzlygynyň mizemezligini, ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir.   

Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk düýpli sepgitlerine gadam basýan 2026-njy ýylyň Halk Maslahatynyň mejlisi ata Watanymyzyň geljekki ykbalyny kesgitlemekde, milli demokratiýany we ykdysady kuwwaty täze belentliklere çykarmakda taryhy ähmiýete eýe bolar.

Halk Maslahaty Garaşsyzlygy diňe bir syýasy düşünje däl, eýsem ony halkyň amaly durmuşyna, parahatçylygyna we abadançylygyna hyzmat edýän hakyky güýje öwürmekde esasy gural hökmünde çykyş edýär.

Halk Maslahaty döwlet Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň pugtalandyrylmagyna, halk häkimiýetiniň has-da kämilleşdirilmegine, döwlet   hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň iň wajyp meseleleriniň giňden ara alnyp maslahatlaşylmagyna hyzmat edýän belent münberdir.

Halk Maslahaty türkmen halkynyň «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýen pähimine eýerip, döwlet kararlaryny kabul etmekde ilatyň sesini diňlemäge mümkinçilik döredýär. Ol döwlet bilen halkyň arasyndaky berk köpri bolup hyzmat edýär. Halk Maslahatynyň mejlislerinde ýurdumyzy-durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamalary, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem ýurdumyzda parahatçylygy, agzybirligi, durnuklulygy berkitmäge degişli taryhy kararlar kabul edilýär.

Biz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň işgärleri öz gezegimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul ediljek beýik çözgütleri we kararlary ilat arasynda giňden wagyz etmekde hem-de düşündirmekde öz mynasyp goşandymyzy goşarys.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Halk Maslahaty adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagyna giň ýol açdy. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. 

Ogulbäbek NURGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň jogapkär işgäri.