Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

MASLAHATLY IL MYRADA ÝETER

Şu ýylyň 15-nji iýulynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine hem garaldy. Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek we bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak häzirki wagtda esasy wezipeleriň biridir. Şu wezipäni ýerine ýetirmekde taýýarlyk çäreleriniň gerimi ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaýbaňlandyryldy.

Häzirki döwürde hem milli däplere laýyklykda, her bir işde halk bilen maslahatlaşylýar. Gadymy döwürlerden bäri türkmen han-begleri haýyrly işler üçin kethudalar bilen maslahat-geňeş edipdirler. Ine, şol maslahatly çözülen işler, çykarylan netijeler obalaryň arasynda suw, ýer, mal ýa-da adamlaryň gündelik ýagdaýlary bilen bagly meseleleri oňyn çözmäge goltgy beripdir. Ata-babalarymyzyň, «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli il salamat bolar», «Ýedi ölçe-de, bir kes», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» ýaly nakyllarynyň hem döremegine itergi beripdir. Pederlerimiziň durmuş mekdebinde kemala getiren nakyllary, ýol-ýörelgeleri, adamçylyk sypatlary goňşy, oba, ýurt arasyndaky gatnaşyklary parahatçylyk, hoşniýetlilik bilen alyp barmak işlerinde möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Muňa biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde il-ýurt bähbitli çözülýän döwletli çözgütleriň mysalynda-da, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşlarynda getirýän mysallarynda hem aýdyň göz ýetirýäris. 

Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri, bu taryhy wakanyň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyndaky orny barada wagyz-nesihat maslahatlary we söhbetdeşlikler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň alyp barýan işleri hem bu möhüm çäreler bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, ilat arasynda giňden wagyz edilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 23-nji sentýabrda geçiriljek nobatdaky mejlisinde kabul ediljek möhüm çözgütleriň hem kararlaryň ýerine ýetirilmegine saldamly goşant goşmak, elbetde, her birimiziň borjumyzdyr. Milli forumda ilatyň dürli gatlaklarynyň giňden wekilçilik etmegi, erkin pikir alyşmak we jemgyýetçilik pikirine esaslanýan degişli kararlaryň kabul edilmegi Halk Maslahatynyň işiniň özeni bolan demokratik ýörelgelere, ata-babalaryň köpçülikleýin pikir alyşmak hem-de döwlet, jemgyýet üçin möhüm kararlar kabul etmek baradaky paýhasly däplerine wepalylygyny tassyklaýar. Bu ýyl hem il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylar, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän anyk kararlardyr çözgütler kabul ediler. Bu bolsa, öz nobatynda, türkmen döwletiniň ösüşleriň belent sepgitlerine ýetmegine has-da uly itergi berer. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni, her bir işi biziň geljegimiziň has hem nurana boljakdygynyň kepilidir. 

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda galkynýan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

Goý, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Ogulbeg ANNAORAZOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.