Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

GARAŞSYZLYK HALKYŇ ÇÜWEN YKBALY

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň ýokary ruhubelentlikde bellenilýän ýyly aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi taryhy-medeni, syýasy, ruhy-aňyýet nukdaýnazaryndan gaýtalanmajak bitewüligi emele getirýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň her bir güni üstünliklere beslenýär. Döwletliligiň, bagtly durmuşyň sakasynda Garaşsyzlygyň beren miwesi bar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler halkymyzyň ýagty geljegine gönükdirilýär. Şanly Garaşsyzlygymyz biziň milli buýsanjymyzdyr, berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miweleri döwletimiziň taryhyna altyn sahypalar bilen ýazylýar. Halkymyzyň durmuşyna gönükdirilen özgertmeler esasynda beýik maksatlara, belent sepgitlere ýetilýär. Dünýä bileleşigi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlaryny doly goldaýar, olar boýunça anyk işlere badalga berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolundaky umumadamzat bähbitli nusgalyk işlerinden habar berýär. 

Hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylyň şanly wakalarynyň biri hökmünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy barada aýratyn belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda agzybir türkmen halky Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň esaslandyran täze taryhy eýýamyny alamatlandyrýan beýik baýramçylykdyr.

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlarynda wasp edilen halkymyzyň özygtyýarly döwlet hakyndaky arzuwy 1991-nji ýylyň altyn güýzinde hasyl boldy. Şol günden bäri hem ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygy uly dabaralar bilen bellenýär. Çünki şol gün merdana ata-babalarymyzyň köňlünde beslän garaşsyz, özygtyýarly, berkarar türkmen döwleti döredi. Şondan bäri geçen döwrüň içinde eziz Watanymyz asyrlara barabar ösüşli ýoly geçdi.

Garaşsyzlyk bagtyna eýe bolan merdana halkymyz ata Watanymyzyň garaşsyzlygynyň we özygtyýarlygynyň ykrarnamasy hökmünde Döwlet baýdagyny hem-de Döwlet tugrasyny döretdi. Watanymyzda döwlet we jemgyýetçilik gurluşy düýpli kämilleşdirildi. Giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy. Türkmen halky gahrymançylykly we şöhratly taryhyny, milli mirasyny, ynsanperwer ýörelgelerini, asylly däp-dessurlaryny dikeltdi. Demokratik ýörelgeler giňden ösdürildi, içeri we daşary syýasatda uly üstünlikler gazanyldy.

Garaşsyzlyk millete özüni tanadýar, geçen taryhy ýoluny, döreden döwletlerini, maddy we ruhy gymmatlyklaryny, beýik şahsyýetlerini gaýtaryp berýär. Garaşsyzlyk milletiň ötüp giden ruhy pälwanlaryny tirsegine galdyrýar. Garaşsyzlyk millete milli mirasyny dikeltmäge, goramaga, söýmäge, dünýä ýaýmaga, nesilden-nesle geçirip, müňýyllyklara eltmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti mukaddes Garaşsyzlygymyzyň taryhy ähmiýetini, halkymyza beren bagtly we bagtyýar durmuşy barada, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitler barada, Türkmenistan döwletimiziň diňe bir ýurdumyzda däl eýsem sebitde we dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetini we many-mazmunyny halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmekligi özüniň esasy wezipesi hökmünde kesgitledi. Bu işler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň we ilkinji partiýa guramalarynyň ýörite meýilnamalary esasynda dabaraly maslahatlaryň we söhbetdeşlikleriň, medeni-köpçülikleýin çäreleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň üsti bilen giň halk köpçüligine ýetirilýär. 

Biziň bagtyýar durmuşymyz, parahat asmanymyz we ýurdumyzyň batly ösüşleri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz pähim-parasatly syýasatynyň aýdyň miwesidir. Halkyň bähbidine, Watanymyzyň galkynyşyna gönükdirilen beýik tutumlary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys, olara berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli beýik işlerinde üstünlikler arzuw edýäris!

Şirin HAÝTJANOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň baş hasapçysy.