Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

UMUMYMILLI FORUM: ÖŇDE BELENT MAKSATLAR

Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Bu taglymaty durmuşa geçirmekde ygtyýarly edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletimiziň syýasy ulgamynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ol döwlet durmuşyndaky möhüm çözgütleri halk bilen maslahatlaşyp, kabul etmek däbiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Şu ýylyň 15-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça meselelere garaldy. Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek we bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak häzirki wagtda wajyp wezipeleriň biridir.

Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Häzirki taryhy döwürde bu däpler ýurdumyzyň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi» diýip belläp geçýär. Halk häkimiýeti we halk bilen geňeşmek ýörelgesi döwletiň uly bir jemgyýet hökmünde beýgelmegine hem-de ösmegine oňyn täsir edýär. Diýmek, geňeş halk bilen döwleti birleşdiriji güýçdür. Bilşimiz ýaly, döwlet ähmiýetli soraglary çözmek, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmäge halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam bermek, elbetde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesiniň biri bolup durýandyr.

Halk Maslahatynyň işi demokratiýa, aç-açanlyk, adalat, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, adamyň, şeýle hem raýatyň kanunyň öňünde deňligi, adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, degişli kararlary kabul etmek we jemgyýetçilik pikirini göz öňünde tutmak esasynda alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ählisi döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, bu işleri netijeli dolandyrmagyň, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginiň, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň täze, kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendir. Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen, döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenýär. Mejlisde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, mejlisiň geçiriljek senesini kesgitlemek, guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli resminamalar kabul edildi. Şeýle hem il içinde uly abraýdan peýdalanýan, öz halal zähmeti bilen ýokary zähmet üstünliklerini gazanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek, hormatly atlary dakmak boýunça işleriň alnyp barlyşyna seredilýändigini buýsanç belläp geçsek ýerlikli bolar.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurduň ilatynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Bu Konstitusiýanyň 3-nji maddasyna laýyklykda bellenilip, döwletiň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, has takygy, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Halk öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Halk Maslahatynda kabul ediljek çözgütler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşy üçin döredilen binýadyny has-da berkider. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde bu ählihalk forumyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada wagyz-nesihat işlerine gatnaşmak, onuň netijeli we üstünlikli geçmegine goşant goşmak her raýatyň Watan öňündäki mynasyp borjudyr.

Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkyna asuda parahat durmuşy peşgeş berýändigi üçin köp sagbolsun aýdýarys!

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

Enwer BALLYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy