Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

ALYSLARA BARÝAN ÝOLLARYMYZ AÝDYŇ

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda dabaraly belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllyk baýramçylyklaryny mynasyp garşylamak üçin görülýän taýýarlyklara ýurdumyzyň telekeçileri öz goşantlaryny goşýarlar. Eýsem, bu baýramçylyklaryň manysy nämedekä? Meniň pikirimçe, bu — erkana durmuş, asuda, parahat asman. Bu — ýurt binýadynyň berk bolup, dünýä halklarynyň arasyndaky dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, birek-birege ynanyşmagyň, asudalygyň, parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we oňyn hyzmatdaşlygyň dabaralanmasydyr. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan «Açyk gapylar» syýasaty munuň aýdyň mysalydyr.

Ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň işewürlerine, telekeçilerine döwletimiz tarapyndan uly goldaw berlip, olaryň netijeli, döredijilikli işlemekleri üçin amatly mümkinçilikler, şertler döredilýär. Içerki bazary dürli görnüşli azyk önümleri bilen ygtybarly üpjün etmekde, olaryň dünýä eksportyny yzygiderli artdyrmakda, önümçiligiň netijeliligini artdyrmakda halkara derejede yzygiderli geçirilýän forumlaryň, maslahatlaryň oňyn netije berýändigini bellemek gerek. Sebäbi bu çärelerde döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, ykdysady kärhanalarynyň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalary döretmek, bar bolan kärhanalaryň işini döwrebaplaşdyrmak, önümleri halkara hil ölçeglerine laýyk sertifikasiýalaşdyrmak, eksport işini ösdürmek ýaly ugurlarda özara pikir alyşmalara giň orun berilýär. Şeýle dialoglaryň geçirilmegi türkmen telekeçileriniň dünýägaraýşyny artdyrýar, olaryň halkara ülňülere gabat gelýän önümçiligi döretmegine, hyzmatlary ýokarlandyrmagyna ýardam edýär.

Türkmenistanda telekeçiler tarapyndan öndürilýän önümleriň, şeýle hem daşary ýurtlaryň telekeçileriniň öz önümleri bilen gatnaşýan halkara sergi-ýarmarkalarynyň geçirilmegi ata Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň has-da ilerleýändiginiň, önümçiligiň, söwdanyň, hyzmatlar ulgamynyň kämilleşýändiginiň, ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmen halky işjeňligi, zähmetsöýerligi, erjelligi bilen dünýäde özüni tanadan halk. Köşkdür binalary, ýoldur köprüleri gurmakda geljekki nesillere mizemez miras galdyran ata-babalarymyzyň binagärlik sungaty bilen häzirki zaman ölçegleriniň özara sazlaşygyndan emele gelen nurana binalaryň gurulmagy, ýurdumyzyň gurluşyk meýdançasyna öwrülmegi, yzygiderli senagatlaşmagy ata Watanymyzyň gün-günden ösüşlere beslenýändigini görkezýär. Munuň şeýledigini Aşgabadyň ýurdumyzyň iri işewürlik, dolandyryş we jemgyýetçilik syýasy merkezine öwrülmeginiň, bu ýerde uly medeni, döredijilik, intellektual mümkinçilikleriň jemlenmeginiň mysalynda hem görmek bolýar. Ak mermere bürenen paýtagtymyzyň ençeme desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, soňky ýyllarda ylym-bilimiň, halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde mertebesiniň ýokarlanmagy türkmeniň döwletlilik ýörelgelerinden gözbaş alýar. Desgalarynyň milliligi bilen göwnüňi galkyndyrýan Aşgabat bütin dünýäde parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasynda dostlugyň hakyky merkezi hökmünde ykrar edildi. Köpetdagyň etegine ýalkym saçýan Arkadag şäheri hem türkmen telekeçileri tarapyndan bitirilen uly işleriň biridir. Bu işlerde Ahal welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän «Mähirli» hojalyk jemgyýetiniň, «Ajaýyp gurluşyk», «Mizemez ojak», «Berk teker» ýaly hususy kärhanalaryň telekeçileriniň mynasyp paýy bar.

Eziz Diýarymyzyň tyllaýy säherinden başlanýan toýdur baýramlara beslenýän bagtyýar, şatlykly günlerimiz biri-birine zynjyr kimin sepleşip, halkymyzy bagtly geljege alyp barýar. Ol ýollar bolsa alyslara barýan aýdyň ýollara atarýar.

Oguljeren KAZAKOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.