Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

AÝDYŇ MAKSATLAR BILEN BELENT SEPGITLERE

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň netijesinde halk hojalygynyň pudaklarynda sazlaşykly ösüşler gazanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň 7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken degişli Karary bilen «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» kabul edilmegi Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu maksatnama türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetiň ösüşini maksatnamalaýyn esasda alyp barmak bilen bagly oýlanyşykly tejribesiniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär.

Täze kabul edilen maksatnama Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň sebitleriniň durnukly ösüşini üpjün etmegi, senagat-innowasion ösüş derejesini ýokarlandyrmagy, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy dowam etdirmegi, maýa goýumlaryň işjeň­ligini artdyrmagy, işewürlik gurşawyny ösdürmegi hem-de telekeçiligiň ugurlaryny we gerimini gi­ňeltmegi, täze iş orunlaryny döretmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy nazarlaýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde göz öňünde tutulan wezipeleri, şeýle hem Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde kesgitlenen görkezijileri, önümçilik we maliýe meýilnamalaryny gazanmak bir ýyllyk maksatnamanyň esasy wezipeleridir.

Şu ýyl ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna uly möçberde düýpli maýa goýumlar goýlup, olar, esasan, senagat pudaklarynyň ösdürilmegine, innowasion häsiýetli bilelikdäki kärhanalaryň işiniň ýaýbaň­landyrylmagyna, daşary ýurtlara iberilýän we beýleki ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegine, azyk garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna, döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdiriler. Maksatnama laýyklykda, şu ýyl umumy meýilleşdirilen maýa goýumlaryň möçberinden önümçilik maksatlaryna 65,6 göterim we durmuş-medeni maksatlara 34,4 göterim serişde bölünip berler.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli ykdysadyýeti ösdürmekde hususy pudaga uly orun degişli edilýär. Bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti höweslendirýän bazar şertlerini we gurallaryny emele getirmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek boýunça alnyp baryljak işleriň netijesinde, maýa goýumlaryň düzüminde döwlete dahylsyz pudagyň paýynyň 32,9 göterim bolmagyna garaşylýar. Hususy pudagyň serişdelerini dürli ugurlara gönükdirmäge şertleri döretmek arkaly jemi içerki önümiň düzüminde ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň paýyny 71,6 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. 

«Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, üstümizdäki ýylda ýurduň jemi içerki önüminiň durnukly ösüş depgini gazanylar. Işjeň ykdysady syýasatyň alnyp barylmagy ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depginini 6,3 göterim derejede üpjün etmäge mümkinçilik berer. Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, onuň pudaklarynyň innowasion ösüşiniň üpjün edilmegi, bäsdeşlik gurşawynyň kämilleşdirilmegi boýunça oňyn netijeler gazanylyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty berkidiler. Eksportyň hem-de importyň düzümi kämilleşdiriler, eksporta iberilýän, importyň ornuny tutýan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşleri we öndürilýän mukdary artdyrylar. Bu işler milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berer, ähli pudaklarda innowasiýanyň, «ýaşyl» ykdysadyýetiň we sanly tehnologiýalaryň giň­den ornaşdyrylmagy dowam etdiriler. Diýarymyzyň sebitleriniň öndüriji güýçlerini de­ňeçer ösdürmek, işewürlik gurşawyny döwrebaplaşdyryp, kiçi, orta we iri telekeçiligiň gerimini has-da gi­ňeltmek, döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça işleri geçirmek, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny ýokarlandyrmak hem möhüm maksatlaryň hatarynda durýar.

Durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeleriň hem-de döredilýän şert-mümkinçilikleriň netijesinde, hususy telekeçiler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly baýramlaryna zähmet sowgatlary bilen barýarlar. 17—19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17 ýyllygy mynasybetli guraljak giň gerimli sergi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen hem-de hormatly Prezidentimiziň goldawyndan galkynýan iri işewürlik düzüminiň ýeten sepgitlerini, türkmen telekeçileriniň gazanýan üstünliklerini görkezmäge, dürli ýurtlaryň işewür düzümlerine ýurdumyzda amala aşyrylýan geljegi uly taslamalary tanyşdyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga goşmaça itergi berer.

Dünýäniň abadançylygynyň, halklaryň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän, türkmeniň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn. 

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Serdar PAŞIKOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.