Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

ALYSLARA ÝAŇ SALYP, ŞAN GETIRÝÄR DIÝARA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýyllar ýyllardan zyýada gelýär. Indi ençeme ýyl bäri her bir gelýän ýyly döwrebap atlandyrmak bolsa, asylly däbimize öwrüldi. 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen baglanyşykly geçirilen işlerden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, jemgyýetçilik birleşiklerinden, raýatlardan gelip gowşan tekliplerden, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, şeýle-de, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli üstümizdäki ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy biziň ählimizi diýseň begendirdi, zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Çünki ajaýyp ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda içeri hem daşary syýasatda alnyp barylýan beýik başlangyçlar uly üstünliklere beslener. Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrar.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlyklyk etmeginde döredilen toparyň agzalary ýurdumyzyň welaýatlarynda bolup, birnäçe maslahatlara gatnaşyp, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» many-mazmunyny, ähmiýetini ilat arasynda düşündirdiler. Şeýle täsirli maslahatlaryň ençemesi biziň welaýatymyzda hem ýokary guramaçylykda geçirildi. Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, ilat arasynda ýurdumyzda alnyp barylýan içeri hem daşary syýasatyny wagyz etmek maksady bilen ençeme maslahatlara gatnaşýarys. 

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Giňişleýin mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, geçen ýylda gazanylan üstünliklere jikme-jik seljerme berdi. Şeýle hem giňişleýin mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyzyň Sakarçäge etrabynyň 2024-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekmegi guwançly waka boldy.

Hawa, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Eziz Diýarymyz özüniň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolan ilkinji gününden bäri dünýä döwletleri bilen ysnyşykly dost-doganlyk, diplomatik gatnaşyklary, ykdysady hyzmatdaşlyklary ýola goýup gelýär. Bu günki gün ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki at-owazasy alyslara ýaň salýar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen öňden gelýän ynsanperwerlik, ynanyşmak, parahatsöýüjilik ýaly ýörelgelerimizden ugur alnyp bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi  Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrýar, ykdysady kuwwatyny has-da artdyrýar.

Türkmenistan döwletimiziň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Gözel GURBANOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň jogapkär işgäri.