Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK - DÖWLETLERIŇ,HALKLARYŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ GYMMATLY SÜTÜNI

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly badalga aldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Oňa 86 döwlet awtordaş bolup gatnaşdy. Kararnamada öňe sürülýän maksatlaryň häzirki zaman halkara gatnaşyklary babatda döwletimiziň tutýan ýoly hökmünde Milletler Bileleşiginde öňe sürýän garaýyşlaryna, daşary syýasat strategiýasyna doly laýyk gelýändigi we hemmelere bähbitli bolan ählumumy ýörelgelere esaslanýandygy aýratyn bellärliklidir. Türkmen halky täze taryhy döwrümiziň ajaýyp seneleriniň birine – hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ilkinji gezek ýörite Kararnama bilen ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görýär. Bitaraplyk has giň mana eýedir. Ol diňe öz ýurdumyzyň parahatçylykly ösüş ýoluny kepillendirmän, eýsem, dünýä ösüşiniň, adamzadyň geljeginiň hem hukuk we ruhy ýagdaýyny alamatlandyrýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda guramaçylyk döwlet toparynyň ýakynda geçirilen ilkinji mejlisinde şu wakalar bilen bagly öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiziň döwlet toparynyň mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasy taýýarlanyp, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň üsti bilen köpçülige ýetirildi. Konsepsiýada ýurdumyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny geçirmek baradaky çözgüdine ählumumy derejedäki waka,halkara gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyryna geçmek üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garalýandygy nygtalýar. Çünki häzirki döwürde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmak  ählumumy wezipe hökmünde barha uly ähmiýete eýe bolýar. 

         Çünki bitaraplyk syýasaty dünýä ösüşiniň häzirki zaman ýagdaýlarynyň çäginde halkara hukugyň ählumumy ykrar edilen düzgünlerine ähli döwletleriň we jemgyýetleriň eýermegini gazanmakda döwrüň täze filosofiýasy hökmünde öňe çykýar. Türkmenistan bitaraplyk syýasatyny ösdürmek bilen, häzirki dünýä gatnaşyklarynyň täze garaýyşlaryny düýpli hem-de ulgamlaýyn kemala getirýär, halkara derejä çykarýar. Bu tagallalar dünýäniň giň goldawyna mynasyp bolýar. Adamzat ýaşaýşynyň geljegini kepillendirmäge gönükdirilen islendik ýörelge dünýäde ýagşy umyt döredýär. Çünki ählumumy gülläp ösüşiň ýolunda ýüze çykýan päsgelçilikler, gapma-garşylyklar ýaşaýşy sazlaşdyryp biljek her bir täze başlangyja ynamy güýçlendirýär. 

       Gahryman Arkadagymyz parahatçylyk ýörelgesini döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasyna öwrüp, dünýäde giňden dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýoly üstünlikli dowam etdirýär. Türkmeniň ýaşyl Tugy asudalygyň nyşany, Döwlet senamyz bolsa parahatçylygyň we ynanyşmagyň owazydyr. Baýdagymyz Ýer ýüzüniň haýsy künjeginde pasyrdasa, Döwlet senamyz nirede ýaňlansa, şol ýerde dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk, ynanyşmak bar. Döwletimiziň abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýäde şeýle belent derejä çykmagy bitaraplyk syýasatymyzyň üstünligidir. Häzirki döwrüň syýasy, durmuş, ruhy ösüşiniň nusgasyny kemala getirmekde Bitarap Türkmenistanyň has öňe gidendigini ikirjiňlenmän aýdyp bolar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň  beýik taryhy ornuna, milli we ählumumy derejedäki wajyp ähmiýetine güwä geçýän hakykatdyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ähli çäreleriň ýokary derejede guralmagynda, bu şanly toý-baýramlar ýylynyň dowamyndaky işleriň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmekde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw bermeginde uly işleriň bitiriljekdigine söz ýok. Çünki Türkmenistan Watanymyz dünýä derejeli, uly tutumly seneleri, baýramlary, dabaraly ýokary derejede geçirmegiň  mekany hökmünde tanalýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly dabara bilen toýlanyljakdygy özboluşly mazmuna eýe bolup, dünýäni jebislige we ynanyşmaga çagyrýar. Şanly senäniň hormatyna geçiriljek halkara çärelerdir dabaralar dünýä giňişliginde Bitaraplygyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary ilerletmekde möhüm başlangyçlary we mümkinçilikleri öňe sürýänligi bilen ähmiýetlidir. Şeýle-de Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň belent tutumlary ýurdumyzyň möhüm syýasy, ykdysady we ekologik başlangyçlary öňe sürýän, uzak möhletleýin ösüş maksatlary bolan kuwwatly döwlet hökmündäki at-abraýyny täze belentliklere göterýär. Mälim bolşy ýaly, bagtyýar halkymyzyň, berkarar döwletimiziň durmuşynda örän möhüm bolan bu şanly ýylda dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen bilelikde forumlary, maslahatlary, duşuşyklary, beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Görşümiz ýaly, bu şanly wakalar biziň – syýasy partiýalaryň aýratynam hususy pudagyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň hem-de işjeň agzalarynyň öňünde uly wezipeleri goýýar.

Biz 2025-nji ýylyň şeýle atlandyrylmagynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň syýasy, taryhy ähmiýetini, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek, raýatlarymyzyň Watana bolan söýgüsini güýçlendirmek, ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi ruhunda terbiýelemek işine mynasyp goşandymyzy goşarys. Türkmen halkyny eşretli zamana ýetiren baky Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýyny Arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!

Maksut TORAÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy.