Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

MILLI YKDYSADYÝETIMIZ ÖSÜŞ ÝOLUNDA

Milli ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmakda amala aşyrylan özgertmeler ýurdumyzyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, sebitleriň zähmet bölünişigini kadalaşdyrmaga, ösüş maksatnamalarynda göz öňünde tutulan ägirt uly taslamalaryň we başlangyçlaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda senagat we innowasiýa ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň senagat taýdan ösüşini has-da çaltlandyrdy.

 Ýurdumyzyň senagatlaşmagynda telekeçileriň goşandynyň uly bolmagy juda buýsandyryjydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň, senagat önümçiliginiň ösüş depgininiň ep-esli artmagy hem hususy ulgamyň milli ykdysadyýetimize goşýan goşandyndan habar berýär. Ykdysady ösüşiň täze hil derejesini gazanmakda, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çözgütleri gyşarnyksyz we yzygiderli durmuşa geçirmekde, innowasiýalary goldamakda we olary iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmakda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Bu maksatnama biziň geljegimiziň kepilidir. Döredip, gurup bilýän millet hökmünde bütin dünýäde halkymyzyň mertebesini has beýgeltjek ösüş ýoludyr». Bu maksatnamada hem hususy pudagy ösdürmek meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Has takygy, maksatnamada bellenen döwürde oba bilen şäherleriň ösüş we döwrebaplyk derejesindäki aratapawudy aýyrmak, hojalyklaryň halal girdejisini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin bolsa dünýä ylmynyň hem-de tejribesiniň iň täze gazananlary esasynda milli önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmak, oba ýerlerinde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň binýadynda dürli guramaçylyk-hukuk görnüşli iri möçberli paýly agrosenagat birleşiklerini esaslandyrmak meýilleşdirilýär. Maksatnamada beýan edilen ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşini tizleşdirmek, halka edilýän hyzmaty ýeňilleşdirmek maksady bilen, ony durmuş taýdan goramak hyzmatlaryny sanly ulgam arkaly ýerine ýetirmek, döwrüň talabyna laýyklykda hyzmatyň görnüşlerini kämilleşdirmek we artdyrmak, ýerli elektron söwdany kämilleşdirmek, ilatyň sanly ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy babatda sowatlylygyny artdyrmak boýunça wezipeler hususy ulgamyň wekilleriniň goşandy bilen üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwletimiz tarapyndan gurmak, döretmek, öndürmek, halal zähmet bilen baýamak üçin döredilýän oňyn mümkinçilikler telekeçilik işine höwes bildirýän taraplaryň sanyny köpeldýär. Netijede ykdysadyýetimiziň köpugurly ösüşe eýe bolmagyna, bazar gatnaşyklaryna geçip, bäsleşige ukyplylygy kemala getirmäge, importyň ornuny tutýan önümçiligiň, şeýle-de eksporta niýetlenen harytlaryň möçberiniň, iş orunlarynyň artmagyna şert döreýär. Jemläp aýdanyňda, raýatlarymyzyň hem, döwletimiziň hem baýamagyna uly itergi berýär.

Oguljeren KAZAKOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.