Özygtyýarly ösüş ýolunyň dowamynda taryh üçin gysga döwürde belent sepgitlere ýeten berkarar Watanymyz gülläp ösüşler bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, halk hojalygynyň pudaklarynda uly öňegidişlikler gazanylýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlar hem bu hakykaty aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Ýurdumyzyň okgunly ösüşlerinde hususy pudagyň hem mynasyp paýynyň bardygy buýsandyrýar.
Döwletimiziň döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden ruhlanýan hususyýetçileriň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriňdir harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler barha giň gerime eýe bolýar. Şol bir wagtda, telekeçilerimiziň öz önümlerini daşary ýurtlara eksport etmekde bitirýän işler hem guwandyrýar. Hökümet mejlisinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen ýylda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgininiň 110 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgininiň bolsa 104,1 göterime barabar bolandygy habar berildi. Munuň özi hususyýetçileriň alyp barýan işleriniň oňyn netijesinden, milli haryt nyşanly bäsdeşlige ukyply önümleriň barha köpelýändiginden habar berýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2025-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmak bilen baglanyşyklylykda, milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmek, ykdysadyýetimize innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täze önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak babatda netijeli işleri dowam etdirmegiň möhümdigine üns çekmegi, kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligini ösdürmek bilen bagly taslamalar üçin karz serişdelerini bermegi artdyrmagy nygtamagy diýseň begendirýär. Şeýle şert-mümkinçilikler hususyýetçilere öz öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge güýçli itergi berer.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2025-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň tassyklanmagy Hökümet mejlisinde kabul edilen esasy çözgütleriň biridir. Maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňden gowrak täze iş ornuny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek hem-de jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek ýaly wezipeleriň bu Maksatnamada orun almagy mundan beýläk hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hususy pudagyň wekillerine uly ynam bildirilýändiginiň nyşanydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalar, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçe, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumy, şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi ulanmaga berler. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen şol taslamalaryň uly böleginiň döwletimiziň goldaw bermeginde ýerli işewürler tarapyndan alnyp barylýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasyp hakykatdyr.
Eşretli eýýamyň hözirini görýän il-ulsumyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda tutanýerli zähmet çekip, şanly seneleri uly üstünlikler bilen garşylamaga taýýarlanýar. Hususy pudagyň wekilleri hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygar esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny nazarlaýan işlere mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Goý, halkymyzyň bagtyýarlygyny ähli zatlardan ileri tutýan kalplary sahawatly ynsanperwer Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri uly üstünliklere beslensin!
Şemşat Baýramgeldiýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň umumy bölüminiň müdiri.