Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BEHIŞDI BEDEWLERIMIZ – MILLI MIRASYMYZ

Dünýä medeniýetinde we taryhynda öçmejek yz galdyran türkmen halky, adamzat äleminde özüniň kämil derejede kemala getiren ençeme gymmatlyklaryny sowgat berdi. Olardan türkmen ahalteke bedewini, alabaýyny, halysyny, dutaryny, zergärleriň ýasan şaý-seplerini we ençeme zatlaryny mysal getirmek bolar. Her bir ýurdy, her bir halky äleme tanadýan ilkinji alamat – milli medeniýetdir. Milli medeniýeti dünýä ýaýýan gymmatlyk hem milli mirasdyr. Bu iki baýlyk birigip, milli mirasyň müdimiligini üpjün edýär. Özüniň köp asyrlyk taryhy özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi bilen tutuş dünýäni haýrana goýýan Ahalteke bedewlerimiz türkmen halkynyň mizemez gymmatly hazynasy hasaplanylýar. Behişdi bedewlerimiz türkmenleriň uçar ganaty, göwün syrdaşy, ýow gününde baş ýoldaşy, gözelligiň soňlanmajak nusgasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan üstünlikli syýasaty netijesinde häzirki wagtda ata-babalarymyzdan miras galan asylly däplerimizi tutuş dünýä ýaýmakda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Şeýle däpleriň biri-de, türkmen Ahalteke bedewleriniň şöhratyny artdyrmak, arassa ganly tohum atlarynyň sanyny köpeltmek, atçylyk sportuny ösdürmek, bedewlerimizi dünýä derejesine çykarmak baradaky işlerdir. Türkmen halkynyň ykbalynda möhüm ähmiýete eýe bolan ýyldyrym deý ýyndam bedewlerimiz barada Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri bolan «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» atly dürdäne kitaplarynda bu gymmatlygyň gelip çykyşy we kemala gelmeginiň taryhy barada giňişleýin beýan edilýär.

Atçylygy we atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek hem-de Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamak, şeýle-de atlar köpeldilende, ösdürip ýetişdirilende we ulanylanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şeýle hem «Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan, atçylyk we atly sport babatdaky Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar. Bu Kanunyň kabul edilmeginiň esasy maksady atçylykda tohumçylyk işini gowulandyrmak, halkara genofonduna girýän atlaryň milli tohumlarynyň özenini gorap saklamak, atlaryň tohumyny köpeltmek we kämilleşdirmek üçin hukuk kepilliklerini döretmek ýoly bilen atçylygy ösdürmek, şeýle hem atly sportda ýokary netijeleri gazanmakdan ybaratdyr. Halkymyz bedew aty rowaçlygyň nyşany hökmünde milli gymmatlygy, baýlygy saýypdyr. Gadymy nusgawy edebiýatymyzda atlar türkmen gerçekleriniň dosty, wepaly ýoldaşy hökmünde suratlandyrylýar. Türkmeniň batyr ogullary Watanyna howp abananynda özüniň bedew atyna atlanyp, duşmana garşy durup, bedew atyny özüne gardaş hasaplapdyr. Ahalteke bedewlerimiziň gözelligini türkmen gelin-gyzlaryna meňzedipdirler we bedewlerimizi ussat zergärlerimiziň inçeden nepis ýasaýan owadan milli şaý-seplerimiz bilen bezäpdirler. Gözellikde deňi-taýy bolmadyk Ahalteke bedewlerimiz diňe bir türkmen halkyny däl, eýsem tutuş dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Muňa dünýä meşhur jahankeşdeleriň, ýazyjylaryň, atşynaslaryň türkmen bedewleri barada aýdan sözleri aýdyň mysaldyr. Ýaşaýşyň agyr pursatlarynda eýesini ýalňyz goýmadyk, gaýgydyr-gussasyny deň çekişen bedewler hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak mukaddeslikdir. Şonuň üçin hem türkmen halkyny bedew atsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däldir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy bolan Ahalteke bedewlerimiziň abraýy belende göterilýär, olar barada uly işler durmuşa geçirilýär. 2010-njy ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, onuň ştab-kwartirasynyň paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşdirilmegi, türkmen Ahalteke bedewiniň diňe bir ata Watanymyzda däl-de, eýsem halkara derejesinde uly baha eýedigine şaýatlyk edýär. 2013-nji ýylda Ahalteke bedewlerimiz halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, dünýä ýurtlarynda özüniň owadanlygy, ýyndamlygy bilen ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da arşa galdyrdy. Bu sene atçylyk sungatynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. 2018-nji ýylda Akhan atly Ahalteke bedewimiziň Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň mähir yhlasyndan, pähim paýhasyndan kemala gelen sebitde deňi taýy bolmadyk ilkinji akylly şäher Arkadag şäherinde Akhan binasynyň gurulmagy, türkmen Ahalteke bedewiniň mukaddes gymmatlygyny has-da beýgeltdi. «2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ilkinji aýynda, Gahryman Arkadagymyzyň Monakoda iş saparynda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary uly üstünlikli ýeňiş gazandy.  «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi türkmen tuguny has-da belende göterip, Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýdy. Ähli türkmen halkyny şeýle uly mertebä eýe edip dünýä tanadan we asuda abadan durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyñ, hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.