Mähriban Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda adam we onuň saglygy, abadan we bagtyýar ýaşaýşy barada uly alada edilýär. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny berkitmäge, sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän döwlet derejesindäki ägirt uly işler hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny goramaklyga, ýurdumyzda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmeklige gönükdirilen tutumly işleriniň rowaçlanýandygyny görkezýär. Şeýle bolansoň, bu gün Arkadagly Serdarymyza hoşallygymyzyň çägi ýokdur. Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini, şoňa görä-de, jemgyýetiň sagdynlygyna zelel ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmagyň, ata Watanymyzy dünýäniň ösen we kuwwatly döwletleriniň birine öwürmegiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmegiň ýaşlarymyzyň mukaddes borjudygyny nygtaýar. Ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda sportdur bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin döredilýän şert-mümkinçilikler her bir ynsanyň buýsanjyny artdyrýar. Sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek halkymyzyň, şol sanda ösüp gelýän ýaş nesliň hemişelik hemrasyna öwrüldi. Bu günki gün döwletimiziň ähli etrapdyr şäherlerine, şäherçedir obalaryna dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bedenterbiýe-sport toplumlary, stadionlary bezeg berýär. Olarda sport bilen meşgullanýan ýaşlarymyzyň sany artýar, döredilýän şert-mümkinçilikler ýaş nesli sporta höweslendirse, türgenlerimizi täze ýeňişlere ruhlandyrýar.
Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.