Parahatçylyk hem-de ynanyşmak. Ynsanyň ömür sürmeginde, durmuşyň lezzetini duýup ýaşamagynda we onuň has-da gözelleşmegine goşant goşmagynda bu düşünjeleriň aýratyn orny bar. Asuda asmanyň astynda abadan ýaşaýşyň hözirini görmegiň, bir-biregi sarpalap, arkalaşykda özara ynanyşyp ýaşamagyň tapylgysyz bagtdygy hakynda oýlananyňda, şu günki ajaýyp durmuşymyza bolan buýsanjyň has-da artyp, kalbyň joşa gelýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň belende göterilmegine, bagtyýar halkymyzyň milli ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan dünýä ähmiýetli başlangyçlaryň özeninde parahatçylyk söýüjilik we özara ynanyşmak ýörelgeleri möhüm orun eýeleýär. Munuň özi ýöne ýerden däl, çünki Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda belleýşi ýaly, parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň örän uly baýlygydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu düşünjeler many çygryny has-da giňeldip, dost-doganlyga sarpa goýmagy özüniň durmuş kadasyna öwren päk göwünli halkymyzyň ruhy dünýäsini şöhlelendirýär. Şonuň üçinem peder ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň netijesinde bu gün ýurdumyz dünýäde parahatçylygy gorap saklamak we birek-birege hormat goýmak hem-de ynanyşmak esasynda ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ägirt uly işleri amala aşyrýan ýurt hökmünde uly abraý-mertebä eýedir.
Bu barada döwlet Baştutanymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biziň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara düzümler tarapyndan goldanylýan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgämiz hem-de strategik maksatlarymyz ählumumy ösüşiň wezipelerine doly laýyk gelýär. Bu bolsa parahatçylygy, howpsuzlygy, hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça bilelikdäki halkara tagallalaryň esasyny we ugruny kesgitleýär» diýip ýazýar. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» we «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi munuň nobatdaky aýdyň subutnamalarydyr. Bu belent mertebe halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşmak bilen, dünýä nusgalyk ýörelgäniň uly ynam bilen gadam basan täze ýylymyzyň şygaryna öwrülmeginde beýanyny tapdy.
Munuň özi halkyň erk-isleginiň aýdyň beýanydyr. Parahatçylyk diýilýän iň gymmatly baýlyga, ynam diýilýän çuňňur düşünjä, ynanyşmak diýilýän mukaddes ýörelgä aýratyn sarpa goýýan türkmen halkynyň köňül matlabydyr. 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynda bellenilişi ýaly, parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Şu nukdaýnazardan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, Garaşsyz Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar. Dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dostluga, özara ynanyşmaga hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyga esaslanýan netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda toplanan gymmatly tejribäniň netijesinde gapma- garşylyklaryň öňüni almaga, parahatçylygy gorap saklamaga, durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen maksada okgunly hereketler we anyk işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ynanyşmak ýörelgesi ata-baba ynsanperwerlige uly ähmiýet berip gelen hoşniýetli halkymyzyň, dost-doganlygyň ýurdy, ylalaşygyň merkezi bolan berkarar Watanymyzyň halkara gatnaşyklardaky, şonuň bilen birlikde-de, dünýä ykdysadyýetindäki ornuny aýdyň kesgitleýär. Üstünlikli amala aşyrylýan halkara ähmiýetli taslamalar, ilkinji nobatda, ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alýar. Sebäbi olar diňe bir türkmen halkynyň däl, dünýä halklarynyň hem bähbidine gönükdirilýär. Parahatçylyk ynanyşmak ýörelgesiniň rowaçlanmagyna ygtybarly esas bolup hyzmat edýär, ynanyşmak bolsa, öz gezeginde, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna oňyn şertleri döredýär. Bu sazlaşygyň netijesinde ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryň gerimi giňelip, ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri kemala gelýär. Ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda- ykdysady gatnaşyklarynyň yzygiderli berkidilmegi, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlaryň barha artmagy muňa şaýatlyk edýär. Ynanyşmak esasynda halkara hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykmagy deňiz, awtomobil, demir ýol, howa hem-de turba geçiriji halkara multimodal logistik taslamalary amala aşyrmaga, ýangyç- energetika toplumynda we beýleki ugurlarda ägirt uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Şu ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy halkara derejede uly dabaralara beslener. Berkarar Watanymyzyň durmuş -ykdysady we daşary syýasat ugrunyň, ilkinji nobatda, parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nazara alsaň, 2025-nji ýylyň şygarynyň bu ajaýyp taryhy sene bilen gabatlaşmagynda uly many bar.
Goý, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň we bu babatda dünýä ähmiýetli taryhy işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Täzegül HUDAÝGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy.