Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmeginde hususy pudagyň wekillerine möhüm orun degişli. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde önümçiligiň kämilleşdirilmegi, sarp edijileriň islegleriniň kanagatlandyrylmagy, esasan, hususyýetçileriň alyp barýan işleriniň netijeliligine bagly. Döwletimiziň telekeçiligi ösdürmek üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Balkan welaýatynyň hususyýetçileri hem ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek, ilata ýokary hilli hyzmat etmek, senagat önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýarlar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk önümlerini öndürmek, ir-iýmişleri, gök we bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmek, olary gaýtadan işlemek boýunça guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ýerleşýän «Batly-Gadam» hususy kärhanasy pagtany senagat taýdan gaýtadan işläp, her ýylda dürli görnüşli ýüplügiň 5 müň 400 tonnasyny, jorap we jorap önümleriniň 18 million jübütini öndürýär. Hususy kärhananyň uzak möhletleýin alan kärende ýerinde dürli oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekde-de üstünlik gazanylýar.
Şeýle üstünlikler Balkanabat şäherinde hereket edýän «Zürýada hyzmat» hususy kärhanasyna-da degişli. Kärhananyň önümçilik toplumy ýylda gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň 8 million 500 müň litrini, arassa agyz suwunyň bolsa 15 million litrden gowragyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Balkanabat şäherinde ýerleşýän döwrebap önümçilik toplumlarynyň ýene-de biri «Altynnur zamany» hususy kärhanasynyň önümhanasydyr. Bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän kömeleklerden dürli görnüşli gaplama önümler taýýarlanylýar. Kämil tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kärhanada 480 gramlyk aýna gaplara gaplanan kömelekleriň her sagatda 1 müň gaby çykarylýar. «Altynnur zamany» hususy kärhanasy dürli görnüşli miwelerden mürepbe önümçiligini hem ýola goýdy.
Bereket etrabyndaky «Nurly meýdan» daýhan hojalygy hem agrosenagat pudagynda netijeli işleri alyp barýan hususy düzümleriň biridir. Guşçulygy ösdürmekde oňyn tejribe toplan daýhan hojalygy ýylda 8 müň tonna barabar towuk etini, 16 million ýumurtga öndürmäge, 12 müň jüýje çykarmaga, ýylda 72 müň tonna çenli guş iýmlerini öndürmäge ukyply. Daýhan hojalygynda gülleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek işleri hem üstünlikli ýola goýuldy.
Azyk senagatynda adygan «Ýazlak» hususy kärhanasynyň Gyzylarbat etrabynda ýerleşýän önümçilik toplumynda sygyr süýdi senagat taýdan gaýtadan işlenilýär we taýýarlanan dürli görnüşli süýt önümleri amatly bahalardan ilata hödürlenilýär. Hususy kärhananyň öndürýän süýt önümleriniň görnüşleriniň sany 15-e ýetýär.
Tebigy baýlyklaryň mekany hasaplanýan Balkan welaýatynda hususy pudagyň wekilleri gurluşyk harytlarynyň we senagat önümleriniň önümçiliginde hem baý tejribe toplap, ýokary netijeleri gazanýarlar. «Akgaýa», «Senagat plastik» hojalyk jemgyýetleriniň, «Giň dere», «Läle plastik», «Demir ölçeg» ýaly hususy kärhanalaryň ýerli çig mallardan gurluşyk serişdelerini öndürmekde ýeten sepgitleri telekeçileriň täze taryhy eýýamda öz öňlerinde goýulýan anyk wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýändiklerine şaýatlyk edýär. «Rysgally nesip» hojalyk jemgyýetiniň Balkanabat şäherinde işe girizen önümçilik toplumynda «Çyrag» haryt nyşanly LED çyralarynyň dürli görnüşleri öndürilýär. Önümhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 400 müňe barabar elektrik çyralaryny öndürmäge mümkinçilik berýär.
Hususy pudakdaky işleriň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň agzalary hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýokary görkezijiler bilen jemlän telekeçiler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da belent sepgitlere ýetmek üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Hususyýetçiler döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.
Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.