Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

TÄZE EÝÝAMYŇ GALKYNYŞLARYNYŇ GÖZBAŞY

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we 

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe

 

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni möhüm halkara çäreler — Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy bilen utgaşyp gelýär. Sebit ýurtlarynyň parlamentarileridir bilermenlerini ýurdumyzda jemleýän bu çäreler milli parlament diplomatiýamyzyň, Konstitusiýamyzda berkidilen Bitaraplyk ýörelgelerimiziň dabaralanmasydyr. 

Gahryman Arkadagymyzyň golaýda elimize gowşan «Ömrümiň manysy» atly kitabynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Esasy Kanunynda ýurdumyzyň Konstitusion gurluşynyň esaslary, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary hem-de borçlary örän aýdyň kesgitlenendir. Şoňa laýyklykda, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kanun çykaryjylyk işiniň täze eýýamda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň möhüm guralydygyny belleýär. Jemgyýetde demokratik gymmatlyklary berkarar etmäge ýardam bermek, täze eýýamyň talaplaryny, milli kanun çykaryjylyk hem-de halkara kanunçylyk tejribesini nazara almak bilen kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň üstünde içgin işlemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça wajyp ädimler ädilip, düýpli hukuk özgertmeleri durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde ýurtda telekeçiligi ösdürmegiň hukuk taýdan kepillendirmeleri göz öňünde tutuldy. Baş Kanunymyzyň «Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary» atly II bölüminiň 47-nji maddasynda şeýle bellenilýär: «Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr».

Şu ýyl 30 ýyllygy bellenýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasynda kabul edilýän kanunçylyk namalary ýurdumyzda durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, şol sanda bazar gatnaşyklaryny, telekeçiligi ösdürmegiň hukuk üpjünçiligine gönükdirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esas goýujy ýörelgelerinden, ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan kabul edilen özgertmeler maksatnamalaryndan we kararlaryndan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, geljekde hem ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine kanunçylyk taýdan oňyn şertleri döretmäge uly üns berilýär. Bu ugurda kanunlar maksatlaýyn, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalardan, şeýle hem döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijilerinden ugur alnyp işlenip taýýarlanýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde tassyklanan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde Esasy Kanunymyzdan gözbaş alýan hukuk özgertmeleriniň ähmiýeti uludyr. Bu maksatnamada Garaşsyz döwletimizi we onuň institutlaryny, şol sanda senagatçylardyr telekeçileriň başlangyçlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlendi. Olar bilen birlikde, geljekde halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň oňyn tejribesine laýyklykda, bazar ykdysady şertlerinde döwlet serişdelerini aýawly ulanmak, salgyt-býujet we pul-karz meselelerine degişli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barlar. Şeýle-de milli maksatnamanyň durmuşa geçirilýän döwründe döwlet syýasatynda, ilkinji nobatda, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň berkemegine uly orun berler. Şunuň bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işinde durmuş ulgamyna gönükdirilen kanunçylyk namalaryna uly üns berler. 

Ýurdumyzyň kanunçylygyny öz gözbaşyny şöhratly taryhymyzyň müň ýyllyklaryndan alyp gaýdýan däp-dessurlarymyzyň we ýörelgelerimiziň, gazanylan milli hem-de oňyn halkara tejribesiniň esasynda kämilleşdirmek, döwrüň öňe çykarýan meseleleriniň kanunçylyk taýdan çözgüdini üpjün etmek kanun çykaryjylyk işinde esasy wezipedir. Gahryman Arkadagymyz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan düýpli özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek boýunça bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ençeme möhüm wezipeler ýüze çykýar. Şol pudaklaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagy, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek zerur bolup durýar. Depginli ösýän bazar gatnaşyklary şertlerinde biz ýurdumyzyň sebitleriniň täze üpjünçilik ulgamlaryny döredýäris, telekeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrýarys. Importy çalyşýan önümleri artdyrmak boýunça işleri çaltlandyrýarys. Şoňa görä-de, ykdysady we senagat zolaklaryny döretmek, olaryň netijeli işlemegini gazanmak üçin kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek ýaly möhüm ugurlara uly ähmiýet bermelidiris» diýip belleýär. Ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň kabul edilen esasy ugurlaryna laýyklykda, şu ýyl hem kanun çykaryjylyk işinde uly wezipeler kesgitlendi. Bu wezipeler adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, kanun çykaryjylyk we onuň kadalary, ykdysadyýeti, durmuş syýasaty ulgamyny, ylym, bilim, medeniýet hem-de ýaşlar syýasatynydyr sanly ulgamy öz içine alýar.

Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, şonuň ýaly-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyz biziň çäksiz buýsanjymyzdyr. Olaryň şanyna goşa toý tutulmagy, milli gymmatlyklarymyzyň döwletliligiň nyşany hökmünde belent wasp edilmegi uly hormatymyzyň şaýadydyr. Hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy, ähli halkymyzy goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt we dünýä ähmiýetli belent tutumlarynyň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris!

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.